Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 20:15 - Mukaddes Kitap

15 Atalarymyz Müsüre gitdiler we ol ýerde uzak wagtlap ýaşadylar. Müsürliler bizi we atalarymyzy ezdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Аталарымыз Мүсүре гитдилер ве ол ерде узак вагтлап яшадылар. Мүсүрлилер бизи ве аталарымызы эздилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 20:15
16 Iomraidhean Croise  

Reb Ybrama şeýle diýdi: «Sen şuny bilip goýgun: seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar we şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer.


Ýakup ähli nesillerini: ogul-gyzlaryny, agtyklarydyr mallaryny we Kenganda toplan ähli mal-mülklerini alyp, Müsüre geldi.


Ýedinji gün diýlende, çaga ýogaldy. Dawudyň adamlary bu hakda oňa habar bermekden gorkdular. Olar: «Çaga heniz dirikä, ol biziň gepimize gulak asmady. Indi çaganyň ölendigini biz oňa nähili aýdarys? Özüne bir zat eder» diýip oýlandylar.


«Siz ýewreý aýallaryna göbegene bolup hyzmat edýän wagtyňyz, serediň, eger ogul dogursalar, ol bäbegi öldüriň, eger gyz dogursalar, goý, onda ol ýaşabersin».


Soňra faraon ähli müsürlilere: «Ýewreýlerden doglan her bir ogul bäbegi alyp, Nil derýasyna taşlaň, emma gyz bäbek bolsa, goý, ol ýaşabersin» diýip buýruk berdi.


Ysraýyllar Müsürde dört ýüz otuz ýyl ýaşadylar.


Faraonyň gul eýeleri tarapyndan bellenen ysraýyllaryň baş gözegçileri urulýardylar we olardan: «Näme üçin siz bu gün guýmaly kerpiç paýyňyzy öňkiňiz ýaly doly ýerine ýetirmeýärsiňiz?» diýip hasabat soralýardylar.


Müsürde mugtja iýýän balyklarymyz, hyýarlarymyz, gawunlarymyz, soganlarymyz, düýp soganlarymyz, sarymsaklarymyz ýat boldy-la.


Bizi çölde öldürmek üçin, süýt we bal akýan Müsür topragyndan çykaryp, şu ýere getireniňi az görýärmiň? Ýene-de üstümizden höküm hem sürjek bolýarmyň?


Musa Kadeşden Edomyň patyşasyna şu habar bilen ilçiler ýollady: «Doganlaryňyz ysraýyl halky şeýle diýýär: „Biziň başymyzdan inen ähli kynçylyklardan habaryňyz bardyr.


Biz Rebbe dady-perýat etdik. Ol biziň sesimizi eşitdi we Öz perişdesini iberip, bizi Müsürden çykardy. Ine, indi biz Kadeşde – siziň serhediňize golaý şäherçede durus.


Ýakup Müsüre gitdi. Ýakup we onuň ogullary, ýagny ata-babalarymyz şol ýerde aradan çykdylar.


Ol biziň halkymyza garşy hilegärlik etdi, ata-babalarymyzy ezip, täze doglan çagalaryny ölüme duçar etmek üçin daşary taşlamaga mejbur etdi.


Müsürliler bizi ezdiler, gynadylar, agyr işler bilen egnimizden basdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan