Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 20:14 - Mukaddes Kitap

14 Musa Kadeşden Edomyň patyşasyna şu habar bilen ilçiler ýollady: «Doganlaryňyz ysraýyl halky şeýle diýýär: „Biziň başymyzdan inen ähli kynçylyklardan habaryňyz bardyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Муса Кадешден Эдомың патышасына шу хабар билен илчилер ёллады: «Доганларыңыз ысрайыл халкы шейле диййәр: „Бизиң башымыздан инен әхли кынчылыклардан хабарыңыз бардыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 20:14
20 Iomraidhean Croise  

Reb oňa şeýle jogap berdi: «Göwräňde iki millet bar, senden iki bäsdeş halk dörär. Biri beýlekisinden rüstem çykar, ulusy kiçisine gul bolar».


Olaryň ilkinji doglanynyň ýüzi gyzyl we teni edil possun geýnen ýaly tüýlekdi. Oňa Ysaw diýip at goýdular.


Soňra onuň ökjesinden ýapyşyp, ekiz taýy dünýä indi. Şonuň üçinem onuň adyna Ýakup dakdylar. Çagalar doglanda, Yshak altmyş ýaşyndady.


Ýakup ondan: «Seniň adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Meniň adymy näme üçin soraýarsyň?» diýip, şol ýerde Ýakuba pata berdi.


Musa Rebbiň ysraýyllar üçin faraona we müsürlilere eden ähli işleri barada, olaryň ýolda duçar bolan kynçylyklary, Rebbiň olary azat edişi barada gaýynatasyna ýekän-ýekän gürrüň berdi.


Reb şeýle diýýär: «Men edomlylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki doganlaryny gylyçly kowalap, rehim-şepagat etmediler, çäksiz gaharyny dökdüler, gazap atyna baky atlandylar.


Reb: «Men sizi ozaldan söýýärin» diýýär. Emma siz: «Sen bizi nähili söýýärsiň?» diýip soraýarsyňyz. Reb şeýle diýýär: «Ysaw Ýakubyň dogany dälmi näme? Men Ýakuby saýladym,


Olar ýurdy kyrk günläp synlansoňlar, yzlaryna gaýtdylar.


Atalarymyz Müsüre gitdiler we ol ýerde uzak wagtlap ýaşadylar. Müsürliler bizi we atalarymyzy ezdiler.


Bütin ysraýyl halky Kadeşden göçüp, Hor dagyna gelip düşdi.


Edomlaryň hijisini ýigrenmäň, çünki olar siziň garyndaşlaryňyzdyr. Müsürlileriň hem hijisini ýigrenmäň, çünki siz olaryň ýurdunda gelmişek bolup ýaşadyňyz.


Müsürden çykanyňyzda, Rebbiň siziň öňüňizde Gyzyl deňziň suwuny guradandygyny biz eşitdik. Iordan derýasynyň gündogaryndaky amorlaryň Sihon hem-de Og diýen iki hanyny siziň bütinleý ýok edendigiňizden hem habarymyz bar.


we olara şeýle diýdi: «Rebbiň bu ýurdy size berendigini men bilýärin. Bizi gorky gurşap aldy we bu ýeriň ähli ilaty siz sebäpli dowla düşdi.


Iordanyň gündogaryndaky iki amor hanyny – Heşbonyň Sihon hany bilen Aştarotda ýaşan Başanyň Og hanyny Onuň näme edendigini biz bilýäris.


Olar şeýle gürrüň berdiler: «Biziň ýurdumyz örän uzakda ýerleşýär, biz siziň Hudaýyňyz Rebbiň şöhratyny eşidip geldik. Biz Onuň Müsürde bitiren ähli işlerinden habarly.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan