Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 20:1 - Mukaddes Kitap

1 Bütin ysraýyl jemagaty birinji aýda Sin çölüne geldi. Halk Kadeşde düşledi. Ol ýerde Merýem aradan çykdy we jaýlandy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Бүтин ысрайыл җемагаты биринҗи айда Син чөлүне гелди. Халк Кадешде дүшледи. Ол ерде Меръем арадан чыкды ве җайланды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 20:1
23 Iomraidhean Croise  

Olar Segir daglaryndan yzlaryna öwrülip, Eýnmişpat (ýagny Kadeş) galasyna geldiler we amalekleriň tutuş topragyny basyp alyp, Haseson Tamarda ýaşaýan amorlary-da ýeňlişe sezewar etdiler.


Ýa Reb, Öz hoşamaýlygyň bilen meni dag dek kuwwatly etdiň; gizlediň Sen menden ýüzüňi, şonda gorky gaplady meni.


Soňra Harunyň aýal dogany Merýem pygamber eline depregini aldy. Hemme aýallar hem depreklerini çalyp, tans edip, onuň yzyna düşdüler.


Jigisine näme bolarka diýip, çaganyň gyz dogany hem uzakdan seredip durdy.


Soňra çaganyň gyz dogany faraonyň gyzynyň ýanyna gelip: «Men gidip, çagany emdirer ýaly ýewreý aýallaryndan birini çagyraýynmy?» diýýär.


Günorta tarapy Tamardan Meribakadeş çeşmesine çenli bolup, Müsür derýasyndan Ortaýer deňzine baryp ýeter. Bu günorta tarapydyr.


Men sizi Müsürden çykardym, Gulçulykdan azat etdim, Size baş edip, Musany, Haruny we Merýemi iberdim.


Merýem bilen Harun Musanyň efiopiýaly aýala öýlenendigi üçin ýazgardylar. (Hakykatdanam Musanyň ikinji aýaly Efiopiýadandy.)


Bulut çadyryň depesinden syrylanda, Merýem deri keseline uçrap, ak gar ýaly pis açdy. Harun Merýeme tarap seredip, onuň deri keseline uçrandygyny gördi.


Şeýdip, Merýem ýedi günläp düşelgäniň daşynda saklanyldy. Ol düşelgä girizilýänçä, halk ol ýerden göçmedi.


Mes topraklymy ýa arryk, agaçlymy, agaçsyz? Batyrgaý hereket ediň we ol ýurduň miwelerinden getiriň». Ol wagtlar üzümleriň ýetişýän möwsümidi.


Olar ýurdy kyrk günläp synlansoňlar, yzlaryna gaýtdylar.


Biz Rebbe dady-perýat etdik. Ol biziň sesimizi eşitdi we Öz perişdesini iberip, bizi Müsürden çykardy. Ine, indi biz Kadeşde – siziň serhediňize golaý şäherçede durus.


Bütin ysraýyl halky Kadeşden göçüp, Hor dagyna gelip düşdi.


Musa Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, onuň ogly Elgazara geýdirdi. Harun bolsa şol ýerde, dagyň depesinde jan berdi. Musa bilen Elgazar dagdan düşdüler.


Imranyň aýalynyň ady Ýokebetdi. Ol Lewiniň gyzydy we Müsürde doglupdy. Ýokebet bilen Imrandan Harun, Musa we olaryň uýasy Merýem doguldy.


Çünki siz ikiňiz Sin çölünde halk Meniň garşyma baş göterende, Meniň emrime garşy çykdyňyz. Çeşmäniň boýunda, olaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesdigimi ykrar etmediňiz». (Bu Sin çölündäki Kadeşiň golaýynda ýerleşýän Meriba çeşmesidir.)


Esýongeberden çykyp gelip, Sin çölünde (ýagny Kadeşde),


Soňra siz uzak wagtlap Kadeşbarneýada galdyňyz».


Kadeşbarneýadan ýola düşüp, Zeret deresinden geçýänçäk, dogry otuz sekiz ýyl geçdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, şol döwrüň içinde bu nesliň urşujylary ölüp gutardy.


Çünki ikiňiz hem Sin çölünde, Kadeş galasynyň golaýyndaky Meriba çeşmesinde, ysraýyllaryň öňünde Maňa dönüklik etdiňiz. Ysraýyllaryň arasynda siz Meniň mukaddesligimi ykrar etmediňiz.


sebäbi ysraýyllar Müsürden çykanlarynda, Gyzyl deňze çenli çölüň üsti bilen gidip, Kadeşe geldiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan