Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Ýahuda goşunlary mukaddes çadyryň gündogarynda öz tugy astynda düşelgesini gursun. Ýahudalaryň baştutany Eminadabyň ogly Nahşondyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Яхуда гошунлары мукаддес чадырың гүндогарында өз тугы астында дүшелгесини гурсун. Яхудаларың баштутаны Эминадабың оглы Нахшондыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 2:3
19 Iomraidhean Croise  

Ysraýyl Ederde ýaşaýarka, onuň ogly Ruben öz kakasynyň gyrnak aýaly Bilha bilen ýatdy. Ysraýyl muny eşitdi. Ysraýylyň on iki ogly bardy. Onuň Leýadan bolan ogullary: Ruben (nowbahar ogly), Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun;


Ramdan Eminadap, Eminadapdan ýahudalaryň tirebaşysy Nahşon doguldy.


Ýahuda doganlarynyň arasynda güýçlüsi bolup, baştutan ondan gelip çykan bolsa-da, nowbahar ogullyk haky Ýusubyňkydy.


Harun Eminadabyň gyzy, Nahşonyň gyz dogany Elişeba öýlendi we olaryň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy.


Size kömek etmeli adamlar şulardyr: Ruben tiresinden Şedeýuryň ogly Elisur;


ýahuda tiresinden Eminadabyň ogly Nahşon;


Surnaý gysga-gysga çalynsa, gündogar tarapdaky düşelgeler ýola çyksyn.


Onuň goşunynda hasaba alnanlar ýetmiş dört müň alty ýüz adamdyr.


Musa bilen Harunyň we onuň ogullarynyň düşelgesi gündogar tarapda, Rebbe ýüz tutulýan öýüň öňünde, ýagny mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde bolsun. Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes öýi goramak keşigini çekerler. Olardan başga kim muňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.


Birinji gün ýahuda tiresinden Eminadabyň ogly Nahşon sadakalaryny hödür etdi.


Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Eminadabyň ogly Nahşonyň sadakalarydy.


Ramdan Eminadap, Eminadapdan Nahşon, Nahşondan Salmon doguldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan