Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 2:2 - Mukaddes Kitap

2 «Ysraýyl tireleri düşlände, hersi öz düşelgesinde öz uruglarynyň tugy astynda çadyrlaryny diksinler. Olar çadyrlaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan uzagrakda diksinler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 «Ысрайыл тирелери дүшләнде, херси өз дүшелгесинде өз уругларының тугы астында чадырларыны диксинлер. Олар чадырларыны Реббе йүз тутулян чадырдан узагракда диксинлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 2:2
23 Iomraidhean Croise  

Ýer we onuň ilaty titrän wagtynda, Mendirin onuň direglerini berkiden» Sela


Diýdim: «Beýik Hudaý indi tarapymyzy tutmaýar – bu meni lapykeç edýär».


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


Eý, bütin dünýäniň ilaty, ýer ýüzünde ýaşaýanlar! Daglaryň çür başynda baýdak dikilende serediň! Surnaý çalnanda diňläň!


Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň tagtymyň we aýak dabanymyň ýeri, ysraýyl halkynyň arasynda ebedilik oturjak ýerim bu ýerdir. Mundan beýläk ysraýyl halky-da, olaryň patyşalary-da zyna edip, seždegählerinde patyşalarynyň heýkellerini oturtmak bilen Meniň mukaddes adymy haram etmezler.


Şol gün olaryň Hudaýy Reb halas eder, çünki olar çopan sürüsi kimindir. Olar täjiň gymmatbaha gaşlary ýaly Hudaýyň ýurdunda şöhle saçarlar.


Oňa derek olary mukaddes äht çadyryna, onuň ähli esbaplaryna we oňa degişli zatlaryň hemmesine jogapkär edip goý. Mukaddes çadyry we onuň ähli esbaplaryny olar götersinler we oňa gözegçilik etsinler, öz çadyrlaryny onuň töwereginde diksinler.


Ýahudalaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ilkinji bolup ýola düşdi. Bu tutuş topara Eminadabyň ogly Nahşon baştutanlyk edýärdi.


Soňra rubenleriň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdi. Bu tutuş topara Şedeýuryň ogly Elisur baştutanlyk edýärdi.


Soňra efraýymlaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdüler. Bu tutuş topara Emihudyň ogly Elişama baştutanlyk edýärdi.


Iň soňunda düşelgeleriň yzky goragy hökmünde danlaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdi. Bu tutuş topara Emişadaýyň ogly Ahygezer baştutanlyk edýärdi.


Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:


Günorta gapdalynda, öz tugy astynda ruben goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Rubenleriň baştutany Şedeýuryň ogly Elisurdyr.


Ýahuda goşunlary mukaddes çadyryň gündogarynda öz tugy astynda düşelgesini gursun. Ýahudalaryň baştutany Eminadabyň ogly Nahşondyr.


Bilgam seredip, ysraýyl halkynyň düşelgede tire-tire bolup oturandygyny gördi. Şol pursat onuň üstüne Hudaýyň Ruhy indi.


Çünki Hudaý bidüzgünçiligiň däl-de, parahatlygyň Hudaýydyr. Hudaýyň halkynyň ýygnaklarynyň ählisinde bolşy ýaly,


Emma hemme zat mynasyp tärde we tertip bilen bolsun.


Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin.


Şeýdip, ol adam bedeniň Başy bolan Mesih bilen baglanyşygyny ýitirendir. Bu beden bolsa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda her bir bognuň kömegi bilen birigip, Başdan iýmitlenýär we Hudaýyň islegine görä ösýär.


Çünki siz öň bu ýoldan ýöräp görmändiňiz, olar size nirä gitmelidigini görkezerler. Olaryň yzy bilen ýöräň, emma gaty golaý barmaň, olar bilen araňyz iki müň tirsek bolsun».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan