Lewileriň düşelgesi Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen bilelikde beýleki düşelgeleriň ortasynda ýöremelidir. Edil düşleýişleri ýaly, her bir adam öz ornunda, öz tugy astynda ýörişe çyksyn.
«Ysraýyl tireleri düşlände, hersi öz düşelgesinde öz uruglarynyň tugy astynda çadyrlaryny diksinler. Olar çadyrlaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan uzagrakda diksinler.
Şondan soň ilat sanawyna ýolbaşçylyk eden ysraýyl baştutanlary, ýagny urugbaşylary we tirebaşylary öz sadakalaryny Rebbiň huzuryna getirdiler. Olar alty sany üsti örtülgi araba bilen on iki öküzi – her iki baştutan üçin bir araba we her baştutan üçin bir öküzi mukaddes çadyryň öňüne getirdiler.