Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 19:7 - Mukaddes Kitap

7 Onsoň ruhany geýimlerini ýuwsun we suwa düşsün, şondan soň ol Ysraýyl düşelgesine girip biler. Emma ol agşama çenli haramdyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Онсоң руханы гейимлерини ювсун ве сува дүшсүн, шондан соң ол Ысрайыл дүшелгесине гирип билер. Эмма ол агшама ченли харамдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 19:7
19 Iomraidhean Croise  

Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Kimde-kim bularyň maslygynyň islendik bölegini göterse, ol eşiklerini ýuwsun we agşama çenli haram saýylsyn.


Dört aýakly jandarlaryň arasynda penjesini ýere urup ýöreýänleriniň bary siziň üçin haramdyr. Kimde-kim bu haýwanlaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Olaryň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram saýylsyn. Çünki bu haýwanlar siziň üçin haramdyr.


Süýreniji jandarlardan şular size haramdyr. Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat: agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun – parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar.


Eger halal jandarlaryň biri ölüp, onuň maslygyna galtaşan her kes, agşama çenli haram saýylsyn.


Onuň etinden iýen adam, eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn; onuň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn.


Kimde-kim „öý ýapyk“ diýlip yglan edilen döwürde oňa girse, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Onuň ýorgan-düşegine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Sygryň külüni ýygnan adam geýimlerini ýuwsun, ol agşama çenli haramdyr. Bu ysraýyllar üçin we olaryň arasynda ýaşaýan gelmişekler üçin ebedilik düzgündir.


Tämiz adam haram kişileriň üstüne suwy üçünji we ýedinji günler sepelesin. Ýedinji gün olar tämizlenerler. Soňra olar geýimlerini ýuwsunlar we suwa düşsünler, agşama çenli olar tämizlenerler.


Bu olar üçin ebedilik düzgün bolsun. Tämizlik suwuny sepýän adam geýimlerini ýuwsun. Tämizlik suwuny ellän adam agşama çenli haramdyr.


Haram adamyň her bir ellän zady-da haram bolar. Haram adamy ellän kişi-de agşama çenli haramdyr».


Sygry oda ýakan adam hem geýimlerini ýuwsun we suwa düşsün. Ol hem agşama çenli haramdyr.


Gurbanlyk mallarynyň ganyny baş ruhany Iň mukaddes otaga getirip, günä üçin hödürleýär, emma olaryň maslygy düşelgeden daşarda ýakylýar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan