Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 19:22 - Mukaddes Kitap

22 Haram adamyň her bir ellän zady-da haram bolar. Haram adamy ellän kişi-de agşama çenli haramdyr».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 Харам адамың хер бир эллән зады-да харам болар. Харам адамы эллән киши-де агшама ченли харамдыр».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 19:22
21 Iomraidhean Croise  

Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:


Suwuklyk akmasy bar adamyň oturan islendik zadyna galtaşan adam agşama çenli haramdyr. Haram adamyň oturan islendik zadyny göteren geýimlerini ýuwsun, suwa düşsün. Ol agşama çenli haramdyr.


Suwuklyk akmasy bar adam elini ýuwman birine galtaşsa, ol adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Onuň düşegine galtaşan adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Ol aýalyň oturan zadyna galtaşan adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Ol aýalyň ýorgan-düşegimi ýa-da üstünde oturan zady – parhy ýok, oňa galtaşan adam agşama çenli haramdyr.


Bu zatlara galtaşan her kes-de haram bolar. Ol eşiklerini ýuwup, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Onuň ýorgan-düşegine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Suwuklyk akmasy bolan adamyň oturan ýerinde oturan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Suwuklyk akmasy bar adamyň bedenine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Eger suwuklyk akmasy bar adam tämiz adamlaryň üstüne tüýkürse, olar geýimlerini ýuwsunlar, suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar.


Kimdir biri haram saýylýan zada: haram wagşy haýwanyň maslygyna ýa-da haram mal-garanyň maslygyna, ýa-da haram süýrenijileriň we mör-möjekleriň maslygyna tötänlikde galtaşsa, onda ol muny aňan badyna, haram we ýazykly saýylýandyr.


Kimdir biri haramlygyna, haram edýän islendik zada tötänlikden galtaşsa, onda ol muny aňan badyna, ýazykly saýylsyn.


Eger gurbanlyk malynyň eti islendik haram zada galtaşsa, ol iýilmesin, oda ýakylsyn, halal eti haram saýylmadyk kişi iýip biler.


Eger kimde-kim islendik haram zada: ynsan haramlyklaryna, haram mala ýa-da islendik haram jandara galtaşybam, Rebbe hödür edilen salamatlyk gurbanlygynyň etinden iýse, ol öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn“».


Onsoň Hagaý: «Eger ölä galtaşyp, haram bolan adam bu zatlardan birine elini degirse, şol zat murdar bolarmy?» diýip sorady. Ruhanylar muňa: «Hawa, ol murdar bolar» diýip jogap gaýtardylar.


Onsoň ruhany geýimlerini ýuwsun we suwa düşsün, şondan soň ol Ysraýyl düşelgesine girip biler. Emma ol agşama çenli haramdyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan