Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 19:20 - Mukaddes Kitap

20 Emma haram bolubam özüni tämizlemeýänler jemagatyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Çünki olar Rebbiň mukaddes öýüni haram edendirler. Olaryň üstüne tämizlik suwunyň sepilmändigi üçin, olar haramdyrlar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

20 Эмма харам болубам өзүни тәмизлемейәнлер җемагатың арасындан ковлуп чыкарылсын. Чүнки олар Реббиң мукаддес өйүни харам эдендирлер. Оларың үстүне тәмизлик сувуның сепилмәндиги үчин, олар харамдырлар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 19:20
13 Iomraidhean Croise  

Ujydynyň pürçügini kesdirip, sünnetlenmedik erkek ähti bozan adam hökmünde öz halkynyň arasyndan çykarylsyn».


Ruhanydan başga kimde-kim şonuň ýaly atyr ýasasa we biriniň üstüne guýsa, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar».


Şeýdip, haramlyklary zerarly, mukaddes çadyrdan daşda bolmaklaryny ysraýyl halkyna duýduryň. Maňa ýüz tutulýan öýi haraplap, olaryň özleri hem murdarlykda ölmesinler.


Eger ol geýimlerini ýuwmasa ýa-da suwa düşmese, onda ol öz jezasyny çekmeli“».


Harun neslinden bolan ýokançly deri keseli ýa-da suwuklyk akmasy bolan erkek tämizlenýänçä, mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Jesede degip, haram bolan islendik zada galtaşan ýa-da tohum akan erkege ýa-da ynsany haram edýän guryýer süýrenijileriniň birine ýa-da haramlygy nämediginiň parhy bolmadyk ynsany haram edýän şu agzalan zatlardan birine galtaşan ruhany agşama çenli haramdyr. Ol suwa düşünmezden, mukaddes sadakalardan iýmesin.


Emma asly ysraýyl bolan biri ýa-da gelmişeklerden biri tekepbirlik bilen günä iş edip, Rebbe dil ýetirse, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn.


Jesede galtaşandan soň, özüni tämizlemedik adam Rebbiň mukaddes çadyryny haram eder. Beýle adam Ysraýyldan kowlup çykarylsyn. Onuň üstüne tämizlik suwy sepilmändir, şonuň üçin ol haramlygyna galypdyr, onuň haramlygy entegem onuň boýnundadyr.


Emma kimde-kim tämizdigine we uzak ýola gitmändigine garamazdan, Pesah baýramyny bellemese, onda ol Rebbe berilmeli sadakany bellenen wagtynda bermänligi üçin, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Beýle adam eden günäsi üçin jezasyny çekmelidir.


Iman edip çümdürilen halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler.


Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygyňyz üçin, Hudaýyň nazarynda parahatlykda ýaşap, päk we aýypsyz bolmaga jan ediň.


Goý, ýamanlyk edýän ýene ýamanlyk etsin, pislik edýän ýene pislik etsin. Dogry iş edýän ýene dogrulyk etsin, mukaddes öz mukaddesligini saklasyn».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan