Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 19:19 - Mukaddes Kitap

19 Tämiz adam haram kişileriň üstüne suwy üçünji we ýedinji günler sepelesin. Ýedinji gün olar tämizlenerler. Soňra olar geýimlerini ýuwsunlar we suwa düşsünler, agşama çenli olar tämizlenerler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Тәмиз адам харам кишилериң үстүне сувы үчүнҗи ве единҗи гүнлер сепелесин. Единҗи гүн олар тәмизленерлер. Соңра олар гейимлерини ювсунлар ве сува дүшсүнлер, агшама ченли олар тәмизленерлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 19:19
18 Iomraidhean Croise  

Hudaý ýedinji günde ähli işini tamamlap, şol gün dynç aldy.


Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Onsoň ruhany deri keselinden tämizlenmeli adamyň üstüne gandan ýedi gezek sepeläp, ony tämiz diýip yglan etsin. Soňra ol guşy açyk meýdana uçuryp goýbersin.


Ýedinji gün ol saçyny, sakgalyny, gaşyny, endamyndaky ähli tüýlerini syrsyn. Soňra ol geýimlerini ýuwup, suwa düşünsin. Şonda ol tämiz bolar.


Üçünji we ýedinji günlerde ol özüni tämizlik suwy bilen tämizlesin, şonda ol tämizlener. Emma ol özüni üçünji we ýedinji günlerde tämizlemese, tämiz bolmaz.


Jesede galtaşandan soň, özüni tämizlemedik adam Rebbiň mukaddes çadyryny haram eder. Beýle adam Ysraýyldan kowlup çykarylsyn. Onuň üstüne tämizlik suwy sepilmändir, şonuň üçin ol haramlygyna galypdyr, onuň haramlygy entegem onuň boýnundadyr.


Onsoň tämiz adamlardan biri käkilik otuny suwa batyryp, çadyryň, onuň içindäki esbaplaryň üstüne sepelesin. Şeýle-de ol ýerdäki adamlaryň we meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşan kişiniň üstüne sepelesin.


Araňyzda kim adam öldüren ýa-da ölä galtaşan bolsa ýedi gün düşelgäniň daşynda galsyn. Üçünji we ýedinji günler özüňizi hem-de ýesirleriňizi tämizläň.


Ýedinji gün eşikleriňizi ýuwmalysyňyz we tämiz bolmalysyňyz. Ondan soňra düşelgä girip bilersiňiz».


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr. Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir.


Başgalary gelejekki jeza odundan halas ediň. Käbirlerine bolsa, Hudaýdan gorkmak bilen rehim ediň, ýöne hüşgär boluň, olaryň durmuşyny harama öwren günäni ýigreniň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan