Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 19:18 - Mukaddes Kitap

18 Onsoň tämiz adamlardan biri käkilik otuny suwa batyryp, çadyryň, onuň içindäki esbaplaryň üstüne sepelesin. Şeýle-de ol ýerdäki adamlaryň we meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşan kişiniň üstüne sepelesin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Онсоң тәмиз адамлардан бири кәкилик отуны сува батырып, чадырың, онуң ичиндәки эсбапларың үстүне сепелесин. Шейле-де ол ердәки адамларың ве мейданда гылычдан өлен я өз аҗалына өлен адамың җеседине, я-да адам сүңкүне я мазарына галташан кишиниң үстүне сепелесин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 19:18
13 Iomraidhean Croise  

Emma Hudaý seni baky heläklär, seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar, ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela


«Ine, bu adam Hudaýy özüne pena etmedi, öz baýlygynyň köplügine baglady bili; ol öz baýlygyndan pena gözledi».


Ol köp milletleri geň galdyrar; patyşalar onuň ýanynda agzyny ýumarlar; çünki olar öň aýdylmadyk zady görüp, eşitmedik zatlaryna düşünerler.


Haram saýylan adam üçin ýakylan günä gurbanlygynyň külünden bir gaba salyp, onuň üstüne çeşme suwuny guýuň.


Tämiz adam haram kişileriň üstüne suwy üçünji we ýedinji günler sepelesin. Ýedinji gün olar tämizlenerler. Soňra olar geýimlerini ýuwsunlar we suwa düşsünler, agşama çenli olar tämizlenerler.


Onsoň sygryň külüni tämiz adamlaryň biri ýygnap alyp, düşelgäňiziň daşynda halal ýerde goýsun. Bu kül ysraýyl halky üçindir, ol tämizlik suwy üçin saklansyn. Bu günä gurbanlygynyň bir görnüşidir.


Seniň sözüň hakykatdyr. Hakykatyň arkaly olary mukaddes et.


Olar hem Seniň hakykatyň arkaly mukaddes bolary ýaly, Men Özümi Saňa bagyş etdim.


Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.


Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.


Musa Kanunyň ähli buýrugyny tutuş halka yglan etdi. Soňra gyrmyzy ýüň hem bir bogdak käkilik oty bilen göleleriň ganyny we suwy Kanun ýazgylarynyň, ähli halkyň üstüne sepip:


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan