Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 19:17 - Mukaddes Kitap

17 Haram saýylan adam üçin ýakylan günä gurbanlygynyň külünden bir gaba salyp, onuň üstüne çeşme suwuny guýuň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Харам сайылан адам үчин якылан гүнә гурбанлыгының күлүнден бир габа салып, онуң үстүне чешме сувуны гуюң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 19:17
11 Iomraidhean Croise  

Emma Yshagyň gullary jülgede guýy gazyp, ol ýerde bir gözbaşyny tapanlarynda, Geraryň çopanlary «suw biziňki» diýip, Yshagyň çopanlary bilen dawalaşdylar. Şeýdip, Yshak guýyny Esek diýip atlandyrdy, çünki olar Yshak bilen bäsdeşlik etdiler.


Sen bag çeşmesisiň, şypaly suw guýusysyň, Liwanyň akar suwusyň.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.


Onsoň tämiz adamlardan biri käkilik otuny suwa batyryp, çadyryň, onuň içindäki esbaplaryň üstüne sepelesin. Şeýle-de ol ýerdäki adamlaryň we meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşan kişiniň üstüne sepelesin.


Onsoň sygryň külüni tämiz adamlaryň biri ýygnap alyp, düşelgäňiziň daşynda halal ýerde goýsun. Bu kül ysraýyl halky üçindir, ol tämizlik suwy üçin saklansyn. Bu günä gurbanlygynyň bir görnüşidir.


oda çydamly zatlaryň ählisini oduň içinden geçirip halallaň. Ondan başga-da, olar tämizlik suwy bilen hem halallansyn. Galan oda çydamsyz zatlar bolsa suwdan geçirilsin.


Kim Maňa iman etse, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, onuň içinden ýaşaýyş suwunyň bulaklary akar» diýip gygyrdy.


Öňler erkeçleriň we öküzleriň ganyny hem-de ýakylan göläniň külüni murdar adamlaryň üstüne sepip, olary tämizlärdiler.


Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan