Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat: agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun – parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar.
Ruhany öýi gözden geçirmäge gitmezden öň, öýüň içindäki bar zatlaryň daşa çykarylmagyny buýursyn, ýogsam öýüň içindäki ähli zat haraplanar. Soňra ruhany öýi gözden geçirmäge gitsin.