Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 19:14 - Mukaddes Kitap

14 Eger çadyrda biri ölse, şu kada ulanylsyn: çadyryň içindäki we şol wagt çadyra giren her bir adam ýedi gün haram hasaplansyn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Эгер чадырда бири өлсе, шу када уланылсын: чадырың ичиндәки ве шол вагт чадыра гирен хер бир адам еди гүн харам хасаплансын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 19:14
13 Iomraidhean Croise  

Ýurdy tämizlemek üçin ysraýyl halky ýedi aýlap olary gömmegini dowam etdirer.


Ol tämiz bolandan soň, onuň üçin ýedi güni sanamalydyrlar.


Her hili deri keselleri: gijilewük, geýimde we öýde peýda bolan zeň, deri pakgarmasy, gotur, menek ýaly her dürli deri keselleriň harapdygyny ýa-da tämizdigini kesgitleýän kadalar şulardan ybaratdyr».


Erkeklik jynsyndan suwuklyk ýa-da tohum akyp haram bolan kişi aýbaşy görýän aýal, suwuklyk akmasy bolan erkek ýa-da aýal we haram aýala ýanaşan erkek hakyndaky kadalar şulardan ybaratdyr“».


Reb Musa şeýle diýdi: «Ruhanylar, ýagny Harun ogullary bilen gepleşip, olara şeýle diý: „Olaryň hiç biri öz garyndaşlaryndan bolan merhuma galtaşyp, özlerini haram etmesin.


Ol hiç bir ölä ýakynlaşyp, hatda öz kakasy ýa ejesi üçin hem özüni haram etmesin.


Jesede galtaşandan soň, özüni tämizlemedik adam Rebbiň mukaddes çadyryny haram eder. Beýle adam Ysraýyldan kowlup çykarylsyn. Onuň üstüne tämizlik suwy sepilmändir, şonuň üçin ol haramlygyna galypdyr, onuň haramlygy entegem onuň boýnundadyr.


Çadyryň içindäki agzy açyk bolan hemme gaplary haram bolar.


Bar eşikleri, deriden, geçi ýüňünden edilen her bir zady we agaçdan ýasalan gap-gaçlaryň ählisini tämizläň».


«Ysraýyllara buýruk ber: ýokançly deri we akma kesellini ýa-da ölä galtaşyp haram bolany,


Onuň saçy Rebbe bagyş edilendiginiň nyşanydyr. Özüni Rebbe bagyş eden günlerinde ol jesede golaýlaşmasyn. Hatda onuň atasy ýa enesi, dogany ýa uýasy öläýende-de, ol özüni haram etmesin.


Eger gapdalyndakylaryň biri duýdansyzlykda ölüp, nazyryň mukaddes saçyny haram etse, onda ol tämizlenilýän gün bolan ýedinji güni saçyny syrsyn.


Emma ölä galtaşanlygy zerarly haram bolanlar-da bardy. Olar şol gün Pesah baýramynyň geçirilişine gatnaşyp bilmediler. Şonuň üçin olar Musa bilen Harunyň ýanyna gelip:


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan