Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 19:11 - Mukaddes Kitap

11 Jesede degen kişi ýedi günläp haramdyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Җеседе деген киши еди гүнләп харамдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 19:11
22 Iomraidhean Croise  

Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň! Haram zatlara el degirmäň; ol ýerden çykyp, tämizleniň, eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!


Kör kimin köçelerde entediler, gan bilen haram boldular. Muňa görä geýimlerine el degrip bilen bolmady.


Ýurdy tämizlemek üçin ysraýyl halky ýedi aýlap olary gömmegini dowam etdirer.


Ol tämiz bolandan soň, onuň üçin ýedi güni sanamalydyrlar.


Süýreniji jandarlardan şular size haramdyr. Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Reb Musa şeýle diýdi: «Ruhanylar, ýagny Harun ogullary bilen gepleşip, olara şeýle diý: „Olaryň hiç biri öz garyndaşlaryndan bolan merhuma galtaşyp, özlerini haram etmesin.


Ol hiç bir ölä ýakynlaşyp, hatda öz kakasy ýa ejesi üçin hem özüni haram etmesin.


Harun neslinden bolan ýokançly deri keseli ýa-da suwuklyk akmasy bolan erkek tämizlenýänçä, mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Jesede degip, haram bolan islendik zada galtaşan ýa-da tohum akan erkege ýa-da ynsany haram edýän guryýer süýrenijileriniň birine ýa-da haramlygy nämediginiň parhy bolmadyk ynsany haram edýän şu agzalan zatlardan birine galtaşan ruhany agşama çenli haramdyr. Ol suwa düşünmezden, mukaddes sadakalardan iýmesin.


Kimdir biri haram saýylýan zada: haram wagşy haýwanyň maslygyna ýa-da haram mal-garanyň maslygyna, ýa-da haram süýrenijileriň we mör-möjekleriň maslygyna tötänlikde galtaşsa, onda ol muny aňan badyna, haram we ýazykly saýylýandyr.


Onsoň Hagaý: «Eger ölä galtaşyp, haram bolan adam bu zatlardan birine elini degirse, şol zat murdar bolarmy?» diýip sorady. Ruhanylar muňa: «Hawa, ol murdar bolar» diýip jogap gaýtardylar.


Eger kimde-kim meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşsa, ol ýedi gün haram saýylar.


Araňyzda kim adam öldüren ýa-da ölä galtaşan bolsa ýedi gün düşelgäniň daşynda galsyn. Üçünji we ýedinji günler özüňizi hem-de ýesirleriňizi tämizläň.


«Ysraýyllara buýruk ber: ýokançly deri we akma kesellini ýa-da ölä galtaşyp haram bolany,


Onuň saçy Rebbe bagyş edilendiginiň nyşanydyr. Özüni Rebbe bagyş eden günlerinde ol jesede golaýlaşmasyn. Hatda onuň atasy ýa enesi, dogany ýa uýasy öläýende-de, ol özüni haram etmesin.


«Ysraýyllara aýt, siziň biriňiziň ýa-da nesilleriňizden biriniň ölä galtaşyp, haram bolandygyna ýa-da uzak saparda bolandygyna garamazdan, Rebbiň Pesah baýramyny belläp bilersiňiz.


Emma ölä galtaşanlygy zerarly haram bolanlar-da bardy. Olar şol gün Pesah baýramynyň geçirilişine gatnaşyp bilmediler. Şonuň üçin olar Musa bilen Harunyň ýanyna gelip:


Ertesi gün Pawlus ýaňky adamlary ýanyna alyp, olar bilen bile özüni tämizledi. Onsoň ol ybadathana girip, päkleniş günleriniň haçan gutarjakdygyny we olaryň her biri üçin haçan sadaka berjekdigini yglan etdi.


Bellenilen ýedi gün dolup barýardy. Aziýa welaýatyndan gelen ýahudylar Pawlusy ybadathanada gördüler. Olar tutuş halky öjükdirip, ony tutdular.


Bir ynsan, ýagny Adam ata zerarly günä dünýä aralaşdy, günä bolsa ölümiň gelmegine sebäp boldy. Ynsanlaryň ählisi günäli bolany üçin, ölüm olaryň üstünden höküm sürüp başlady.


«Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da, olardan aýrylyň». Muny Reb diýýär. «Haram zatlara el degirmäň, şonda Men sizi kabul ederin».


Owal siz ýazyklaryňyz we günäleriňiz sebäpli ölüdiňiz.


Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan