Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:9 - Mukaddes Kitap

9 Iň mukaddes sadaka hökmünde otda ýakylmaýan zatlardan şular siziňki bolar: olaryň iň mukaddes zat hökmünde Maňa hödür edýän her bir sadakasy, galla sadakasymy, günä gurbanlygymy ýa ýazyk gurbanlygymy, parhy ýok, bular saňa we seniň ogullaryňa degişlidir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Иң мукаддес садака хөкмүнде отда якылмаян затлардан шулар сизиңки болар: оларың иң мукаддес зат хөкмүнде Маңа хөдүр эдйән хер бир садакасы, галла садакасымы, гүнә гурбанлыгымы я язык гурбанлыгымы, пархы ёк, булар саңа ве сениң огулларыңа дегишлидир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:9
24 Iomraidhean Croise  

Şol döwürde Siriýa patyşasy Hazaýyl Gatyň üstüne çozup, ony basyp aldy. Soňra ol Iýerusalime hüjüm etmegi ýüregine düwdi.


Kanunda ýazylyşy ýaly, nowbahar ogullarymyzy Hudaýyň öýünde hyzmat edýän ruhanylaryň ýanyna getirip, ilkinji mal-garalarymyzy, sürülerimiziň ilki bolan öküzçelerini, goýun-geçilerimiziň ilkinji erkek owlak-guzularyny olara eltip bereris.


Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir.


Galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny olar iýerler. Ysraýylda ähli bagyş edilen zatlar olaryňky bolar.


«Näme üçin siz günä gurbanlygyny mukaddes öýüň ýanynda iýmediňiz? Ol örän mukaddes gurbanlykdyr, ony size Reb Öz huzurynda halky günälerinden saplamagyňyz üçin berdi ahyryn.


Ol guzyny mukaddes ýerde – günä hem-de ýakma gurbanlyk malynyň soýulýan ýerinde soýsun. Çünki ýazyk gurbanlygy-da, edil günä gurbanlygy ýaly, ruhanynyňky bolsun. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr.


Galla sadakasynyň galan bölegi Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka paýy örän mukaddesdir.


Emma ruhanynyň satyn alan guly we onuň öýünde doglanlar onuň saçagyndan iýip biler.


Gün ýaşan çagy ruhany tämiz bolar, diňe şondan soň ol mukaddes sadakalardan iýip biler, çünki bu sadaka ruhanylar maşgalasyna degişlidir.


Eger baştutanlardan biri öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, ol günäsi barada oňa duýdurylan badyna, gurbanlyk hökmünde şikessiz bir erkeji getirsin.


Eger ýönekeý halkdan biri Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, ol günäsi barada oňa duýdurylan badyna, bir şikessiz geçini gurbanlyk bersin.


Kimdir biri bolan işi görüp ýa-da bilibem, bolan işe şaýatlyk etmegi soralanda, ondan boýun gaçyrsa, ol öz jezasyny çekmelidir.


Ol eden günäsi üçin töleg hökmünde sürüden bir urkaçy janlyny: goýny ýa-da geçini Rebbe günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany günä gurbanlygy üçin berlen goýun ýa-da geçi bilen günälini günäsinden saplasyn.


Ol hamyrmaýasyz bolsun. Men muny Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalarymdan olaryň paýy hökmünde berdim. Edil günä gurbanlygy we ýazyk gurbanlygy ýaly bu galla sadakasy hem örän mukaddes sadakadyr.


Reb Musa şeýle diýdi:


Emma mukaddes otagda günäden saplamak üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň içine gany getirilen günä gurbanlygy üçin berlen malyň eti iýilmeli däldir. Ol oda ýakylmalydyr.


Ýazyk gurbanlygy örän mukaddes gurbanlykdyr. Onuň berliş kadasy şeýledir:


Ruhany maşgalasyndan bolan her bir erkek göbekli ol mal etinden iýsin. Ol mukaddes ýerde iýilsin, çünki bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr.


Ýazyk gurbanlygynyň berliş kadasy-da edil günä gurbanlygynyň berliş kadasy ýalydyr. Ýazyk gurbanlygynyň eti ýazyklyny günäsinden saplaýan ruhanynyňky bolsun.


Olary siz iň mukaddes zat hökmünde iýmelisiňiz, hemme erkekler olardan iýip bilerler. Bular siziň üçin mukaddesdir.


Lewi ruhanylary, tutuş lewi tiresi ysraýyllar bilen birlikde ýer paý ýa-da mülk almazlar. Olar Rebbiň paýy diýlip berilýän gurbanlyklardan iýip bilerler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan