Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:8 - Mukaddes Kitap

8 Reb Haruna şeýle diýdi: «Maňa berlen sadakalara göz-gulak bolmagy saňa tabşyrdym. Ysraýyllaryň ähli mukaddes sowgatlaryny ruhanyçylyk paýyňyz hökmünde saňa we seniň ogullaryňa ebedilik berdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Реб Харуна шейле дийди: «Маңа берлен садакалара гөз-гулак болмагы саңа табшырдым. Ысрайылларың әхли мукаддес совгатларыны руханычылык пайыңыз хөкмүнде саңа ве сениң огулларыңа эбедилик бердим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:8
32 Iomraidhean Croise  

Emma ýazyk sadakasy bilen günä sadakasyna berlen kümüş Rebbiň öýüne getirilmedi, çünki ol ruhanylaryňkydy.


Ruhanylar, lewiler özlerini Rebbiň kanunyna bagyş eder ýaly, Hizkiýa Iýerusalimiň ilatyna ruhanylara we lewilere ondan bir bölegi bermeklerini buýurdy.


Patyşanyň buýrugy ýaýran badyna, ysraýyl halky dänäniň, şerabyň, ýagyň, balyň we ekin meýdanynyň ähli önümleriniň ilkinji miwelerinden bolluk bilen berdiler; hemme zatdan ondan birini sahylyk bilen berdiler.


Harun we onuň ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmek üçin girenlerinde ýa-da mukaddes ýerdäki gurbanlyk sypasynyň ýanyna baranlarynda bu geýimleri geýsinler. Şeýtseler, günäni öz üstlerine almazlar we ölmezler. Bu Harun üçin we onuň soňky nesilleri üçin ebedilik düzgün bolsun.


Soňra gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, mesh ýagyny hem alyp, olary Harunyň hem onuň ogullarynyň üstüne we geýimlerine sepele. Şeýdip, Harun we onuň geýimleri, şeýle hem onuň ogullary we olaryň geýimleri Maňa bagyş ediler.


Bu ysraýyl halkyndan Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berilsin. Çünki bu sadaka ysraýyllaryň Reb üçin berýän salamatlyk sadakasyndan alyp, ruhanylara berilýän sadaka bolsun.


Harunyň mukaddes lybasy özünden soň ogullaryna galsyn. Olar şol geýimlerde başlaryna ýag çalnyp, ruhanyçylyga bellensinler.


Haruna ruhany geýimlerini geýdir we onuň başyna ýag guýup, Maňa bagyş et, şonda ol Maňa ruhany bolup hyzmat edip biler.


Atasyny bagyş edişiň ýaly, ogullaryny hem başyna ýag guýup bagyş et, şonda olar Maňa ruhany bolup hyzmat edip bilerler: bu ruhanyçylyk olar üçin nesilme-nesil ebedilik bolar».


Şol gün aşurlylaryň ýüki siziň gerşiňizden, boýuntyrygy siziň boýnuňyzdan aýrylar; semizligiňizden ýaňa boýuntyryk döwler».


Başyna mesh ýagy guýlup, ruhanylyk lybaslaryny geýmek üçin bellenen baş ruhany ýas tutýandygyny görkezmek üçin, saçyny ýaýyp, lybaslaryny ýyrtmasyn.


Ruhany bulary iki guzy we ilkinji hasyl çöregi bilen birlikde Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. Bular Rebbe bagyş edilip, ruhanynyňky bolmalydyr.


Onuň galanyny Harun we onuň ogullary iýsin. Ondan petir bişirilip, olar mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin.


Harunyň neslinden bolan her bir erkek göbekli bu galla sadakasyndan iýip biler. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan onuň nesilleri üçin ebedilik paýdyr. Bu galla sadakasyna Harunyň ogullaryndan başga galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar».


«Harunyň we onuň ogullarynyň bellenen güni Rebbe bermeli sadakasy, ine, şundan ybaratdyr: saýlama bugdaý ununyň ondan bir batmanyny gündelik sadaka hökmünde bersinler. Onuň ýarysy ertirine, beýleki ýarysy agşamyna berilsin.


Ony günä gurbanlygy üçin hödür eden ruhany iýsin. Ol mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin.


Bularyň hersinden bir çöregi Rebbe üwreme sadakasy hökmünde bersin. Olar salamatlyk gurbanlygynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpýän ruhanynyňky bolsun.


Reb Musa şeýle diýdi:


Ruhany maşgalasyndan bolan her bir erkek göbekli ol mal etinden iýsin. Ol mukaddes ýerde iýilsin, çünki bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr.


Musa mesh ýagyndan we gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, Harunyň üstüne we eşiklerine, onuň ogullarynyň üstüne we eşiklerine sepeledi. Şeýdip, Haruny we onuň eşiklerini, onuň ogullaryny we olaryň eşiklerini bagyş etdi.


Iň mukaddes sadaka hökmünde otda ýakylmaýan zatlardan şular siziňki bolar: olaryň iň mukaddes zat hökmünde Maňa hödür edýän her bir sadakasy, galla sadakasymy, günä gurbanlygymy ýa ýazyk gurbanlygymy, parhy ýok, bular saňa we seniň ogullaryňa degişlidir.


Ysraýyllaryň ähli mukaddes sadakalarynyň arasyndan getirilen her bir sadaka ruhanyňkydyr.


Ybadathanada hyzmat edýänler öz iýjegini ybadathanadan alýarlar. Gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler-de gurbanlyk sadakalaryndan paý alýarlar. Bulary özüňizem bilýänsiňiz.


Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýerine meniň buýran ähli zatlarymy: ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, Rebbe göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy getiriň.


we özüňiziň ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, aýdan sadakalaryňyzy, meýletin sadakalaryňyzy we mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny eltiň.


Lewi ruhanylary, tutuş lewi tiresi ysraýyllar bilen birlikde ýer paý ýa-da mülk almazlar. Olar Rebbiň paýy diýlip berilýän gurbanlyklardan iýip bilerler.


Soňra siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şeýle diýiň: „Men öýümden Seniň mukaddes paýyňy aýyrdym. Seniň maňa beren buýruklaryňyň esasynda men ony lewilere, aramyzda ýaşaýan gelmişeklere, ýetimlere we dullara berdim. Men Seniň buýruklaryňdan hiç ýana çykmadym, olaryň hiç birini ýatdan çykarmadym.


Sen dogrulygy söýüp, ýigrenýärsiň pisligi. Şonuň üçin Men Hudaý, Seniň Hudaýyň, Seni ýoldaşlaryň içinden seçip-saýladym, başyňa şatlyk ýagyny guýdum».


Siziň hemmäňiz bolsa hakykaty bilýänsiňiz, çünki Isa Mesih size Mukaddes Ruhy berdi.


Emma Mesihiň size beren Mukaddes Ruhy özüňizde galýandyr, size öwretmegiň geregi ýok. Mukaddes Ruhuň size öwredýän her bir zady ýalan däl-de, hakykatdyr. Onuň size öwredişi ýaly, Mesih bilen ýaşamalysyňyz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan