Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:7 - Mukaddes Kitap

7 Emma sen ogullaryň bilen gurbanlyk sypasyna, iň mukaddes otaga degişli işleriň ählisini yhlas bilen berjaý etmelisiň. Ruhanylygy size Men peşgeş berdim. Sizden başga oňa kim golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Эмма сен огулларың билен гурбанлык сыпасына, иң мукаддес отага дегишли ишлериң әхлисини ыхлас билен берҗай этмелисиң. Руханылыгы сизе Мен пешгеш бердим. Сизден башга оңа ким голайлашса, онуң җезасы өлүмдир».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:7
28 Iomraidhean Croise  

Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler.


Olara bil guşaklaryny daň we başdaňylaryny daň. Haruny we onuň ogullaryny ruhany edip belle. Ruhanyçylyk olar üçin ebedilik düzgün bolsun.


Emma ysraýyl halky Menden aýrylyp, ýoldan çykanda, mukaddes öýümi goramak keşigini çeken Sadok neslinden bolan lewi ruhanylary Maňa hyzmat etmek üçin ýakynlaşarlar; ýagy we gany Maňa hödür etmek üçin huzurymda olar durarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Mukaddes öýüme diňe olar girerler, Maňa hyzmat etmek üçin hantagtama olar ýakynlaşarlar we öýüň goramak keşigini olar çekerler.


Siz Meniň mukaddes zatlarymy goraman, gaýtam mukaddes öýümi goraýanlar hökmünde gelmişekleri öz başlaryna goýberdiňiz“».


Harunyň we onuň ogullarynyň Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmäge başlan günlerinden bäri Rebbe ot üsti bilen berilýän sadakalardan olara degişli paý şudur“».


Mukaddes çadyr göçürilmeli bolanda, ony lewiler ýygnasynlar. Mukaddes öý dikilmeli bolanda, ony lewiler diksinler. Lewilerden başga, kim oňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.


Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.


Soňra Reb Haruna şeýle diýdi: «Olaryň topragynda seniň mülküň bolmaz, olaryň arasyndan saňa paý berilmez. Ysraýyllaryň arasyndaky seniň paýyň we mülküň Mendirin.


Goý, olar tutuş öýi gorap, seniň üçin goramak işini ýerine ýetirsinler. Ýöne olar mukaddes öýüň enjamlaryna ýa-da gurbanlyk sypasyna asla golaýlaşmasynlar, ýogsam olaram, sizem heläk bolarsyňyz.


Haruny we onuň ogullaryny hasaba al. Ruhanyçylyk wezipesini diňe şolar ýerine ýetirmelidirler, olardan başga kim mukaddes çadyra golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».


Musa bilen Harunyň we onuň ogullarynyň düşelgesi gündogar tarapda, Rebbe ýüz tutulýan öýüň öňünde, ýagny mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde bolsun. Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes öýi goramak keşigini çekerler. Olardan başga kim muňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.


Hassalary sagaldyň, deri kesellileri tämizläň, ölüleri direldiň, arwah-jynlary çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt beriň.


Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Gökden berilmese, ynsan hiç zat edip bilmez.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


Halkyň beýleki tireleriniňki ýaly, ysraýyl doganlarynyň arasynda olaryň mülki ýokdur. Söz berşi ýaly, Rebbiň Özi olaryň mülküdir.


Hiç kim baş ruhany bolmak hormatyny özi gazanyp bilmez, ol Harun ýaly, Hudaý tarapyndan çagyrylýar.


Siziň araňyzda lewileriň paýy ýokdur, sebäbi olaryň paýy Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmekdir. Gatlar, rubenler we manaşa tiresiniň ýarysy eýýäm öz mülk ýerlerini Iordan derýasynyň gündogaryndan aldylar. Bu ýerleri olara Rebbiň guly Musa beripdi».


çopanlaryň öz sürüsine seredişi ýaly, siz hem Hudaýyň özüňize ynananlary barada alada ediň. Muny mejbury däl-de, meýletinlik bilen ediň. Olara betnebislik bilen däl-de, uly höwes bilen gözegçilik ediň.


Gol astyňyzdakylara agalyk etmezden, ýagşy görelde görkeziň.


Meniň ruhanym bolup, gurbanlyk sypamyň üstüne çykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Meniň huzurymda efot geýer ýaly, Ysraýylyň ähli tireleriniň içinden Men ony saýladym. Ysraýyllar tarapyndan berlen ýakma gurbanlyklaryndan paý almaga diňe seniň ataňyň nesline rugsat berdim.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan