Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:6 - Mukaddes Kitap

6 Size peşgeş hökmünde, ysraýyllaryň arasyndan lewi doganlaryňyzy Meniň Özüm saýlap aldym. Ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny ederleri ýaly, olar Maňa bagyş edilendir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Сизе пешгеш хөкмүнде, ысрайылларың арасындан леви доганларыңызы Мениң Өзүм сайлап алдым. Йүз тутулян чадырың хызматыны эдерлери ялы, олар Маңа багыш эдилендир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:6
14 Iomraidhean Croise  

Ine, Men bolsa ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler.


«Men indi siz we sizden soňky geljek nesliňiz bilen, şeýle hem siziň bilen gämiden çykan ähli jandarlar: guşlar, mallar we ýer ýüzündäki haýwanlaryň bary bilen äht baglaşýaryn.


Men müsürlileri doňýürek ederin, şeýdip, olar siziň yzyňyzdan kowup gaýdarlar. Faraonyň, onuň bütin goşunynyň, söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üsti bilen Men şöhrat gazanaryn.


Şeýle hem, Besalel bilen işlär ýaly, Men dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaby hem saýladym. Men ähli ökde ussalara-da ukyp berdim. Şeýlelikde, olar Meniň saňa buýran şu ähli zatlarymy ýasasynlar:


«Men, hawa, Men gepledim, ony Men çagyrdym, Men getirdim, ol öz ýolunda üstünlik gazanar.


«Size göwünlik berýän Mendirin, näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz?


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Goýunlarymy Özüm gözlärinem, idegem ederin.


Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Semiz goýun bilen arryk goýnuň arasynda hökümi Meniň Özüm çykarjakdyryn.


«Men lewileri ysraýyllaryň nowbahar ogullaryna derek kabul edip aldym. Lewiler Meniňkidir,


çünki nowbahar ogullaryň bary Maňa degişlidir. Müsürde nowbahar ogullary öldüren günüm, Ysraýylda haýwanu-ynsanyň ilkinji doglanlarynyň baryny Özüme bagyş etdim. Olar Meniňkidir. Men Rebdirin».


«Ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň deregine lewileri, mallarynyň deregine bolsa lewileriň mallaryny kabul et. Lewiler Meniňkidir, Men Rebdirin.


«Lewi tiresini getir-de, ruhany Harunyň hyzmatynda goý, olar oňa kömek etsinler.


Lewileri Harunyň we onuň nesilleriniň ygtyýaryna ber. Olar ysraýyllaryň arasyndan Harunyň ygtyýaryna doly berlendir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan