Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:32 - Mukaddes Kitap

32 Onuň iň gowusyny sadaka bereniňizden soň, ondan iýseňiz, ýazykly bolmarsyňyz. Emma ysraýyllaryň berýän mukaddes sowgatlarynyň iň gowy bölegi sadaka berilmänkä iýip, harama çykarmaň, ýogsam ölersiňiz».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

32 Онуң иң говусыны садака берениңизден соң, ондан ийсеңиз, языклы болмарсыңыз. Эмма ысрайылларың берйән мукаддес совгатларының иң говы бөлеги садака берилмәнкә ийип, харама чыкармаң, ёгсам өлерсиңиз».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:32
10 Iomraidhean Croise  

Harun we onuň ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmek üçin girenlerinde ýa-da mukaddes ýerdäki gurbanlyk sypasynyň ýanyna baranlarynda bu geýimleri geýsinler. Şeýtseler, günäni öz üstlerine almazlar we ölmezler. Bu Harun üçin we onuň soňky nesilleri üçin ebedilik düzgün bolsun.


Ol gurbanlykdan iýen öz jezasyny çeker, çünki ol Rebbe bagyş edilen zady harlandyr. Şol sebäpli bu adam öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn.


«Haruna we onuň ogullaryna aýt: „Harun we onuň ogullary ysraýyl halkynyň Maňa bagyş eden mukaddes sadakalaryna seresaply çemeleşsinler. Olar Meniň mukaddes adyma ysnat getirmesinler. Men Rebdirin“.


Siz Meniň gurbanlyk sypamda haram gurbanlyklar hödürläp, Meniň adymy kemsitdiňiz. Siz ýene-de: „Biz nädip Seni haram etdik?“ diýip soraýarsyňyz. „Rebbiň saçagyny kemsitsek hem bolar“ diýip, Meni haram etdiňiz.


Mundan beýläk ysraýyllar Rebbe ýüz tutulýan çadyra golaýlaşmasynlar, ýogsam olar günäleri üçin jeza çekip ölerler.


Olar we olaryň maşgalalary ony islendik ýerde iýip bilerler. Çünki ol Rebbe ýüz tutulýan çadyrda lewileriň edýän hyzmatynyň hakydyr.


Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:


Şunlukda, kimde-kim mynasyp bolmadyk tärde bu çörekden iýse ýa-da Rebbiň käsesinden içse, Onuň bedeni we gany babatda ýazykly bolar.


Kimde-kim Rebbiň bedenini äsgermän iýip-içse, öz-özüni Hudaýyň hökümine duçar edýändir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan