Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:3 - Mukaddes Kitap

3 Goý, olar tutuş öýi gorap, seniň üçin goramak işini ýerine ýetirsinler. Ýöne olar mukaddes öýüň enjamlaryna ýa-da gurbanlyk sypasyna asla golaýlaşmasynlar, ýogsam olaram, sizem heläk bolarsyňyz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Гой, олар тутуш өйи горап, сениң үчин горамак ишини ерине етирсинлер. Йөне олар мукаддес өйүң энҗамларына я-да гурбанлык сыпасына асла голайлашмасынлар, ёгсам оларам, сизем хеләк боларсыңыз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:3
12 Iomraidhean Croise  

Olar ruhany hökmünde Maňa gulluk etmek üçin golaýyma gelmesinler, mukaddes sadakalarymyň, iň mukaddes zatlaryň hiç birine ýakynlaşmasynlar, olar diňe öz eden nejis işleriniň utançlaryny çekerler.


Mukaddes çadyr göçürilmeli bolanda, ony lewiler ýygnasynlar. Mukaddes öý dikilmeli bolanda, ony lewiler diksinler. Lewilerden başga, kim oňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.


Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler».


Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.


Ýüz tutulýan çadyryň işini ýerine ýetirmäge onuň ähli hyzmatyny etmäge sen jogapkär bolarsyň. Başga bir keseki size ýakynlaşmasyn.


Emma sen ogullaryň bilen gurbanlyk sypasyna, iň mukaddes otaga degişli işleriň ählisini yhlas bilen berjaý etmelisiň. Ruhanylygy size Men peşgeş berdim. Sizden başga oňa kim golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».


Gerşon ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara: mukaddes çadyryň içki we daşky örtüklerine, çadyryň girelgesi üçin ýapynja,


Olar gorag hyzmatlaryndan şulara: sandyga, hantagta, çyradana, gurbanlyk sypasyna, mukaddes öýüň enjamlaryna, ýapynja we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler.


Merary ogullary mukaddes çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara: onuň çarçuwalaryna, taýaklaryna, sütünlerine we olary saklaýan dabanlara, ähli esbaplaryna we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler.


Ysraýyllaryň paýyndan: ynsan, sygyr, goýun, geçi, ähli mal-garalaryň elliden birini alyp, Rebbiň mukaddes çadyryny goraýan lewilere beriň».


Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan