Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:24 - Mukaddes Kitap

24 Sebäbi Men lewilere paý edip, ysraýyllaryň Maňa sadaka hökmünde berýän ondan birini berdim». Şonuň üçin hem, Men lewilere ysraýyl halkynyň arasyndan miras bermerin diýdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

24 Себәби Мен левилере пай эдип, ысрайылларың Маңа садака хөкмүнде берйән ондан бирини бердим». Шонуң үчин хем, Мен левилере ысрайыл халкының арасындан мирас бермерин дийдим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:24
10 Iomraidhean Croise  

Lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarkalar, Harun neslinden bir ruhany olaryň ýanynda bolar. Lewiler hem özleri üçin toplanan tutuş hasylyň ondan bir bölegini Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarlar.


Soňra ähli ýahudalar ammarlara gallanyň, şerabyň, ýagyň ondan birini getirdiler.


Ýerden önýän önümleriň ondan biri: dänemi ýa-da miwe – parhy ýok, olaryň bary Rebbiňkidir. Olar Rebbe bagyş edilendir.


Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:


«Lewilere aýt, olara paý hökmünde beren ondan birimi ysraýyllardan kabul edip alanlarynda-da, ondan Maňa sadaka edip, ondan birleriň ondan birini bersinler.


Bir aýlyk we ondan ýokary ýaşyndaky hasaba alnan erkek göbekli lewiler ýigrimi üç müň adam boldy. Lewiler ysraýyllardan aýry hasaba alyndylar. Çünki olara Ysraýylda hiç bir paý berilmedi.


Şonuň üçin hem Lewi tiresine öz ysraýyl doganlarynyň arasyndan paý hem, mülk hem berilmedi. Hudaýyňyz Rebbiň söz berşi ýaly, olaryň paýy Rebbiň Özüdir.


Üçünji ýylda (hasylyň ondan biri berilýän ýyly) ähli hasylyňyzyň ondan birini lewilere, gelmişeklere, ýetimlere we dullara bereniňizde, olar galalaryňyzda ondan iýip doýsunlar.


Musa diňe lewi tiresine mülk bermedi. Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, lewileriň mirasy Ysraýyl Hudaýy Reb üçin ot üsti bilen berilýän gurbanlyklardyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan