Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:23 - Mukaddes Kitap

23 Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny lewiler etsinler, olar öz hata işlerine jogapkär bolarlar. Bu size nesiller boýy ebedilik parz bolsun. Ýöne ysraýyllaryň arasynda lewileriň mülki bolmaz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 Реббе йүз тутулян чадырың хызматыны левилер этсинлер, олар өз хата ишлерине җогапкәр боларлар. Бу сизе несиллер бойы эбедилик парз болсун. Йөне ысрайылларың арасында левилериң мүлки болмаз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:23
10 Iomraidhean Croise  

Çyra Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daş ýüzünde ýanyp dursun. Harun we onuň ogullary çyrany Rebbiň huzurynda ertirden agşama çenli ýaksynlar. Bu ysraýyllar üçin nesilme-nesil dowam etjek ebedilik düzgün bolsun.


Ýöne Ysraýylyň ýoldan çykan döwri Menden aýrylyp, erbet ýola düşen, öz butlarynyň yzyna eýeren lewiler etmişleriniň jezasyny çekerler.


Reb Haruna şeýle diýdi: «Sen, seniň ogullaryň we urugyňyz bilen bilelikde mukaddes zatlar bilen baglanyşykly edilen hata işlere jogapkär bolarsyňyz. Ruhanyçylyga degişli bolan işlerde hata goýberilse, oňa diňe sen öz ogullaryň bilen bile jogapkär bolarsyň.


Soňra Reb Haruna şeýle diýdi: «Olaryň topragynda seniň mülküň bolmaz, olaryň arasyndan saňa paý berilmez. Ysraýyllaryň arasyndaky seniň paýyň we mülküň Mendirin.


Bu olar üçin ebedilik düzgün bolsun. Tämizlik suwuny sepýän adam geýimlerini ýuwsun. Tämizlik suwuny ellän adam agşama çenli haramdyr.


Bir aýlyk we ondan ýokary ýaşyndaky hasaba alnan erkek göbekli lewiler ýigrimi üç müň adam boldy. Lewiler ysraýyllardan aýry hasaba alyndylar. Çünki olara Ysraýylda hiç bir paý berilmedi.


Olar mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Harun we tutuş halk üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň goramak keşigini çeksinler.


Bular siz nirede ýaşasaňyz-da, nesiller boýy size parz we höküm bolsun.


Şonuň üçin hem Lewi tiresine öz ysraýyl doganlarynyň arasyndan paý hem, mülk hem berilmedi. Hudaýyňyz Rebbiň söz berşi ýaly, olaryň paýy Rebbiň Özüdir.


Musa diňe lewi tiresine mülk bermedi. Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, lewileriň mirasy Ysraýyl Hudaýy Reb üçin ot üsti bilen berilýän gurbanlyklardyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan