Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:22 - Mukaddes Kitap

22 Mundan beýläk ysraýyllar Rebbe ýüz tutulýan çadyra golaýlaşmasynlar, ýogsam olar günäleri üçin jeza çekip ölerler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 Мундан бейләк ысрайыллар Реббе йүз тутулян чадыра голайлашмасынлар, ёгсам олар гүнәлери үчин җеза чекип өлерлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:22
7 Iomraidhean Croise  

Harun we onuň ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmek üçin girenlerinde ýa-da mukaddes ýerdäki gurbanlyk sypasynyň ýanyna baranlarynda bu geýimleri geýsinler. Şeýtseler, günäni öz üstlerine almazlar we ölmezler. Bu Harun üçin we onuň soňky nesilleri üçin ebedilik düzgün bolsun.


Gelnejesi bilen jyns gatnaşygyny eden adam agasyny namysa goýýandyr. Bular öz jezalaryny çekip, dünýäden perzentsiz öterler.


Ruhanylar Meniň buýruklarymy berjaý etsinler, ýogsam olar mukaddes çadyry harlandyklary üçin, öz jezalaryny çekip ölerler. Olary mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Emma sen ogullaryň bilen gurbanlyk sypasyna, iň mukaddes otaga degişli işleriň ählisini yhlas bilen berjaý etmelisiň. Ruhanylygy size Men peşgeş berdim. Sizden başga oňa kim golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».


Haruny we onuň ogullaryny hasaba al. Ruhanyçylyk wezipesini diňe şolar ýerine ýetirmelidirler, olardan başga kim mukaddes çadyra golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».


Musa bilen Harunyň we onuň ogullarynyň düşelgesi gündogar tarapda, Rebbe ýüz tutulýan öýüň öňünde, ýagny mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde bolsun. Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes öýi goramak keşigini çekerler. Olardan başga kim muňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan