Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:21 - Mukaddes Kitap

21 Lewilere Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edýän hyzmatlarynyň öwezine paý hökmünde ysraýyllaryň Maňa berýän hemme ondan birini berdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Левилере Реббе йүз тутулян чадырда эдйән хызматларының өвезине пай хөкмүнде ысрайылларың Маңа берйән хемме ондан бирини бердим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:21
26 Iomraidhean Croise  

Duşmanlaryny onuň eline beren Beýik Hudaýa alkyş bolsun!» diýdi. Ybram ähli zadyň ondan birini Mäliksadyga berdi.


Siz alan hasylyňyzyň bäşden bir bölegini faraona berersiňiz, dörtden bir bölegini bolsa özüňize tohum üçin, hojalyklaryňyza we çagalaryňyza azyk üçin alarsyňyz».


Şeýdip, Ýusup ruhanylardan başga hemmeleriň hasylynyň bäşden bir böleginiň faraona berilmelidigi hakynda höküm çykardy. Bu höküm şu günki güne çenli hem öz güýjündedir.


Olar sadakalaryny, ondan birlerini we bagyş edilen zatlary wepalylyk bilen şol ýere getirdiler. Bu zatlar lewilerden Konanýanyň baştutanlygynda edildi. Konanýanyň inisi Şimgi bolsa onuň kömekçisidi.


Her ýyl ilkinji galladan edilen hamyry, öz sadakalarymyzy, dürli miweleri, täze şeraby, ýagy ruhanylara, Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarys. Ýerimizden önýän hasylyň ondan bir bölegini lewilere bereris. Çünki galalarymyzda lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarlar.


Lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarkalar, Harun neslinden bir ruhany olaryň ýanynda bolar. Lewiler hem özleri üçin toplanan tutuş hasylyň ondan bir bölegini Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarlar.


Şol gün ybadathana üçin berilýän gatançlaryň, ilkinji miweleriň we ondan birleriň saklanýan ammarlaryna gözegçiler goýuldy. Olar ruhanylar we lewiler üçin kanun tarapyndan galalaryň meýdanlaryna görä kesgitlenen paýlary ýygnamalydylar. Çünki ýahudalar ruhanylaryň we lewileriň hyzmatyndan hoşaldylar.


Zerubabylyň we Nehemýanyň döwründe bütin ysraýyl halky aýdymçylara we derwezebanlara gündelik paý berýärdi. Şeýle hem ysraýyllar lewilere degişli paýy aýry goýýardylar. Lewiler hem Harunyň nesillerine degişli paýy aýry goýýardylar.


Soňra ähli ýahudalar ammarlara gallanyň, şerabyň, ýagyň ondan birini getirdiler.


Şonda Lewi bilen eden ähtimiň saklanmagy üçin, bu buýrugy size ýollandygymy biliň. Muny aýdýan Hökmürowan Rebdir.


Öýümde azyk bolar ýaly, ondan biriňiziň baryny tutuşlygyna ammara getiriň. Meni munuň bilen synap görüň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Görüň, Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy?


Size peşgeş hökmünde, ysraýyllaryň arasyndan lewi doganlaryňyzy Meniň Özüm saýlap aldym. Ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny ederleri ýaly, olar Maňa bagyş edilendir.


«Lewi tiresini getir-de, ruhany Harunyň hyzmatynda goý, olar oňa kömek etsinler.


Urşa gatnaşan esgerleriň paýyndan – ynsan, sygyr, eşek, goýun-geçiden Rebbe paç hökmünde bäş ýüzden birini aýry goýuň.


Şunlukda, söz arkaly öwüt alýan adam oňa öwüt berýän bilen ähli ýagşy zatlaryny paýlaşsyn.


Öý goşlaryny satyp alan girdejisine garamazdan, onuň iýmäge deň paýy bardyr.


Bütin halk, hatda Ybraýymyň neslinden bolanlar-da Mukaddes Kanuna görä öz gazançlarynyň ondan birini diňe lewi tiresinden bolan ruhany doganlara bermelidiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan