Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:20 - Mukaddes Kitap

20 Soňra Reb Haruna şeýle diýdi: «Olaryň topragynda seniň mülküň bolmaz, olaryň arasyndan saňa paý berilmez. Ysraýyllaryň arasyndaky seniň paýyň we mülküň Mendirin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

20 Соңра Реб Харуна шейле дийди: «Оларың топрагында сениң мүлкүң болмаз, оларың арасындан саңа пай берилмез. Ысрайылларың арасындакы сениң пайың ве мүлкүң Мендирин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:20
20 Iomraidhean Croise  

Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».


Gadymky günleri ýada salýaryn, Seniň ähli edenleriň barada oýa batýaryn, Seniň elleriňiň işi barada pikir edýärin.


Gadamlarym pugta tutdy ýodalaryňy, meniň aýaklarym taýmady.


Janym diýýär: «Reb meniň paýymdyr. Şoňa görä Oňa intizardyryn».


Ruhanylaryň mirasy bardyr, ol miras Mendirin; Ysraýylda olara mülk bermäň, olaryň mirasy Mendirin.


Emma sen ogullaryň bilen gurbanlyk sypasyna, iň mukaddes otaga degişli işleriň ählisini yhlas bilen berjaý etmelisiň. Ruhanylygy size Men peşgeş berdim. Sizden başga oňa kim golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».


Bir aýlyk we ondan ýokary ýaşyndaky hasaba alnan erkek göbekli lewiler ýigrimi üç müň adam boldy. Lewiler ysraýyllardan aýry hasaba alyndylar. Çünki olara Ysraýylda hiç bir paý berilmedi.


Şonuň üçin hem Lewi tiresine öz ysraýyl doganlarynyň arasyndan paý hem, mülk hem berilmedi. Hudaýyňyz Rebbiň söz berşi ýaly, olaryň paýy Rebbiň Özüdir.


Siz ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp baýram ediň. Bu baýramçylyga araňyzda ýaşaýan lewileri hem çagyryň, sebäbi olaryň ýer paýy ýa mülki ýokdur.


Galalaryňyzda ýaşaýan lewileri äsgermezlik etmäň, sebäbi olaryň siziňki ýaly ýer paýy ýa-da mülki ýokdur.


Siziňki ýaly ýer paýy we mülki ýok lewiler, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekler, ýetimler we dullar gelip, ondan iýip doýsunlar. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň etjek ähli işleriňize bereket berer.


Musa diňe lewi tiresine mülk bermedi. Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, lewileriň mirasy Ysraýyl Hudaýy Reb üçin ot üsti bilen berilýän gurbanlyklardyr.


Emma Musa lewi tiresine mülk bermedi. Söz berşi ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Özi olaryň mülküdir.


Sebäbi Musa iki tirä we manaşa tiresiniň ýarysyna mülk ýeri Iordanyň gündogaryndan beripdi, emma lewi tiresine olaryň arasyndan mülk bermändi.


Siziň araňyzda lewileriň paýy ýokdur, sebäbi olaryň paýy Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmekdir. Gatlar, rubenler we manaşa tiresiniň ýarysy eýýäm öz mülk ýerlerini Iordan derýasynyň gündogaryndan aldylar. Bu ýerleri olara Rebbiň guly Musa beripdi».


Men tagtdan batly bir sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň mesgeni indi ynsanlaryň arasyndadyr! Ol indi ynsanlaryň arasynda mesgen tutar. Olar Onuň halky bolarlar, Ol hem olar bilen bolup, olaryň Hudaýy bolar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan