Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:2 - Mukaddes Kitap

2 Ogullaryň bilen äht çadyrynyň öňünde hyzmat edýärkäň, ataňyz Lewiniň tiresinden bolan ähli dogan-garyndaşlaryňyz size goşulyp, size hyzmat ederleri ýaly, olary-da ýanyňa getir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Огулларың билен әхт чадырының өңүнде хызмат эдйәркәң, атаңыз Левиниң тиресинден болан әхли доган-гарындашларыңыз сизе гошулып, сизе хызмат эдерлери ялы, олары-да яныңа гетир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:2
16 Iomraidhean Croise  

Leýa üçünji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol: «Adamymyň ýüregi indi maňa baglansa gerek, çünki men oňa üç ogul dogrup berdim» diýdi. Şol sebäpden hem ol üçünji oglunyň adyna Lewi dakdy.


Olar Hudaýyň adamy Musanyň kanuny boýunça, öz adaty ýerlerinde durdular. Ruhanylar lewilerden alan gurbanlyk ganlaryny serpdiler.


Bu lewiler öýümiň derwezelerinde gözegçilik edip, onda hyzmatkär bolarlar, Meniň mukaddes öýümde hyzmat ederler; ýakma gurbanlygynyň we halkyň beýleki gurbanlyklarynyň malyny soýarlar, halkyň hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin olaryň öňünde durarlar.


Emma ysraýyl halky Menden aýrylyp, ýoldan çykanda, mukaddes öýümi goramak keşigini çeken Sadok neslinden bolan lewi ruhanylary Maňa hyzmat etmek üçin ýakynlaşarlar; ýagy we gany Maňa hödür etmek üçin huzurymda olar durarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Şonda Lewi bilen eden ähtimiň saklanmagy üçin, bu buýrugy size ýollandygymy biliň. Muny aýdýan Hökmürowan Rebdir.


Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler».


Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.


Onsoň Musa hasany getirip, Rebbiň huzurynda äht çadyrynda goýdy.


Ýüz tutulýan çadyryň işini ýerine ýetirmäge onuň ähli hyzmatyny etmäge sen jogapkär bolarsyň. Başga bir keseki size ýakynlaşmasyn.


Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:


Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr.


Onuň üstesine-de, Ol ysraýyllardan lewileri Haruna we onuň ogullaryna peşgeş hökmünde berdi. Çünki lewiler ysraýyllara derek Rebbe ýüz tutulýan öýde işleýändikleri üçin, ysraýyllary günälerinden saplarlar. Lewiler ysraýyllary mukaddes zatlara has golaý gelmekden gorarlar, ýogsam ysraýyllar heläk bolarlar».


Şondan soňra lewiler Harunyň we onuň ogullarynyň ygtyýarlygynda Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmäge girdiler. Olar lewiler hakda edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly hem etdiler.


Ähli zat şunuň ýaly gurnalandan soň, ruhanylar her gün çadyryň daşky otagyna girip, öz borçlaryny ýerine ýetirýärdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan