Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:19 - Mukaddes Kitap

19 Ysraýyllaryň Rebbe hödür edýän ähli mukaddes sadakalaryny saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý hökmünde berdim. Bu seniň we nesilleriň bilen Meniň eden müdimilik ähtimdir».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 Ысрайылларың Реббе хөдүр эдйән әхли мукаддес садакаларыны саңа ве сениң огул-гызларыңа эбедилик пай хөкмүнде бердим. Бу сениң ве несиллериң билен Мениң эден мүдимилик әхтимдир».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:19
15 Iomraidhean Croise  

Emma ýazyk sadakasy bilen günä sadakasyna berlen kümüş Rebbiň öýüne getirilmedi, çünki ol ruhanylaryňkydy.


Siz Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Ysraýylyň üstünden şalyk sürmekligi ebedilik Dawuda we onuň ogullaryna berendigini bilmeýärmisiňiz? Ol muny bozulmajak ähtiň üsti bilen etdi.


Ruhanylar, lewiler özlerini Rebbiň kanunyna bagyş eder ýaly, Hizkiýa Iýerusalimiň ilatyna ruhanylara we lewilere ondan bir bölegi bermeklerini buýurdy.


Ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan goçuň döşüni göterme sadakasy we buduny üwreme sadakasy hökmünde Maňa bagyş et. Bular Haruna we onuň ogullaryna berilmelidir.


Olary Rebbiň huzuryna getir, ruhanylar üstüne duz sepip, ýakma gurbanlygy hökmünde olary Rebbe hödür ederler.


Siz berýän galla sadakalaryňyza duz sepiň. Çünki duz Hudaýyňyz bilen baglaşan ähtiňiziň nyşanydyr. Berýän sadakalaryňyzyň hemmesine duz sepiň.


Nogsanly ruhany Hudaýa hödür edilen iýmitden, mukaddes we iň mukaddes iýmitden iýip biler.


Bularyň hersinden bir çöregi Rebbe üwreme sadakasy hökmünde bersin. Olar salamatlyk gurbanlygynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpýän ruhanynyňky bolsun.


Ine, bular hem siziňkidir: hödür edilen sowgatlary we ysraýyllaryň göterme sadakasy hökmünde berlen sadakalary Men saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý edip berdim. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam olardan iýip biler.


Reb Haruna şeýle diýdi: «Maňa berlen sadakalara göz-gulak bolmagy saňa tabşyrdym. Ysraýyllaryň ähli mukaddes sowgatlaryny ruhanyçylyk paýyňyz hökmünde saňa we seniň ogullaryňa ebedilik berdim.


Esgerleriň paýyndan alyp, ony Rebbe sadaka hökmünde ruhany Elgazara beriň.


Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly, Rebbe berlen paçlaryň hemmesini sadaka hökmünde ruhany Elgazara berdi.


Siz bagyş eden zatlaryňyzy we aýdan sadakalaryňyzy Rebbiň saýlajak ýerine getiriň.


we özüňiziň ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, aýdan sadakalaryňyzy, meýletin sadakalaryňyzy we mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny eltiň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan