Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:15 - Mukaddes Kitap

15 Ynsan bolsun, haýwan bolsun, parhy ýok, Rebbe hödür edilýän her jandaryň ilkinji erkek doglan çagasy seniňki bolar. Emma ynsanyň we haram mallaryň ilkinji erkek doglan çagasyny yzyna satyn almalysyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Ынсан болсун, хайван болсун, пархы ёк, Реббе хөдүр эдилйән хер җандарың илкинҗи эркек доглан чагасы сениңки болар. Эмма ынсаның ве харам малларың илкинҗи эркек доглан чагасыны ызына сатын алмалысың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:15
12 Iomraidhean Croise  

Goý, her bir ruhany şu hazynadarlaryň birinden kümüş alsyn-da, ony Rebbiň öýüniň bejerdilmeli ýeri bar bolsa, şony bejertmek üçin ulansyn».


Her ýyl ilkinji galladan edilen hamyry, öz sadakalarymyzy, dürli miweleri, täze şeraby, ýagy ruhanylara, Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarys. Ýerimizden önýän hasylyň ondan bir bölegini lewilere bereris. Çünki galalarymyzda lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarlar.


Faraon doňýüreklik edip, bizi goýbermekden ýüz öwreni üçin, Reb Müsüriň ähli ilkinji doglan ynsan ogullaryndan başlap, tä mallaryň ilkinji dogran erkek jynslylaryna çenli öldürip çykdy. Şonuň üçin hem ilkinji doglan ähli erkek jynslylary Rebbe gurban edýärin, ýöne nowbahar oglumy yzyna satyn alyp bilýärin“.


Hasylyňyzyň üzüm şerbedinden we zeýtun ýagyndan bermeli sadakalaryňyzy gijikdirmän beriň. Nowbahar ogullaryňyzy Maňa bagyş ediň.


Eşegiň ilkinji kürrelän erkek kürresini goýnuň ilkinji toklusy bilen çalşyp, yzyna satyn alyň. Eger çalyşmasaňyz, onda onuň boýnuny omruň. Ähli nowbahar ogullaryňyzy hem çalşyp, yzyna satyn alyň. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.


Çagalar bir aýlyk bolanda, yzyna satyn almak bahasy mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça bäş şekel kümüş bolsun. Bir şekel iki mysgala deňdir.


çünki nowbahar ogullaryň bary Maňa degişlidir. Müsürde nowbahar ogullary öldüren günüm, Ysraýylda haýwanu-ynsanyň ilkinji doglanlarynyň baryny Özüme bagyş etdim. Olar Meniňkidir. Men Rebdirin».


Ysraýylyň nowbahar ogullary lewilere garanda iki ýüz ýetmiş üç adam artykmaç boldy. Olary satyn almak üçin,


Mal-garalardyr dowarlaryňyzyň ilkinji guzlan erkegini Hudaýyňyz Reb üçin aýryp goýuň. Sygryňyzyň ilkinji gölelän öküzçesine iş etdirmäň, dowaryňyzyň ilkinji guzlan goçuny gyrkmaň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan