Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:13 - Mukaddes Kitap

13 Olaryň topragyndan önen ilkinji hasylyndan Rebbe getirilenleriniň hemmesi siziňki bolar. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam ondan iýip biler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Оларың топрагындан өнен илкинҗи хасылындан Реббе гетириленлериниң хеммеси сизиңки болар. Сениң машгалаңдакы хер бир тәмиз адам ондан ийип билер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:13
13 Iomraidhean Croise  

Bagalşalyşadan bir adam geldi. Ol Hudaýyň adamy üçin hasylynyň ilkinji ýetişen miwesinden oňa azyk getirdi. Ol Elýaşa öz haltasynda ýigrimi sany arpa çöregi bilen täze bugdaý sümmüllerini getirip berdi. Elýaşa: «Bulary halka ber, goý, adamlar iýsinler» diýdi.


Patyşanyň buýrugy ýaýran badyna, ysraýyl halky dänäniň, şerabyň, ýagyň, balyň we ekin meýdanynyň ähli önümleriniň ilkinji miwelerinden bolluk bilen berdiler; hemme zatdan ondan birini sahylyk bilen berdiler.


Hasylyňyzyň üzüm şerbedinden we zeýtun ýagyndan bermeli sadakalaryňyzy gijikdirmän beriň. Nowbahar ogullaryňyzy Maňa bagyş ediň.


Ýeriňizde önen ilkinji saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».


Ýeriňizde önen ilkinji saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».


Bir sebetde ir ýetişýän injirler bardy. Olar diýseň gowudy. Beýleki sebetde bolsa iýmäge ýaramaýan gaty erbet injirler bardy.


Ähli zatlaryňyzyň ilkinji hasyly we ähli sadakalaryňyz ruhanylaryňky bolar. Öýüňize bereket iner ýaly, ilkinji galladan edilen hamyry ruhanylara beriň.


Çölde üzüm tapan ýaly, Men Ysraýyly tapdym. Ilkinji miwe beren injir agajyny gören ýaly, Men ata-babalaryňyzy gördüm. Ýöne olar Bagalpegor dagyndaky butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urdular. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular.


Gün ýaşan çagy ruhany tämiz bolar, diňe şondan soň ol mukaddes sadakalardan iýip biler, çünki bu sadaka ruhanylar maşgalasyna degişlidir.


Siz ýaşaýan ýerleriňizden iki çöregi Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür ediň. Olaryň her biri ondan iki batmana barabar saýlama bugdaý ununa ýugrulyp, ilkinji miwe hökmünde hamyrmaýaly bişirilen bolsun.


Dat günüme meniň! Çünki men tomus miwesiniň, üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin; ýekeje salkym ýok iýer ýaly; injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!


Ilkinji däne hasylyňyzy, ilkinji täze şeraby we zeýtun ýagyny, şeýle hem, goýnuňyzyň ilkinji gyrkymyny ruhana bermelisiňiz.


Onuň size berýän bu ýeriniň ähli miweleriniň ilkinji hasylyndan sebede salyp, Özüne ybadat edilmegi üçin Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine baryň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan