Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:12 - Mukaddes Kitap

12 Olaryň Rebbe hödür edýän iň oňat zeýtun ýagyny, iň oňat şerabyny we bugdaýyny, iň oňat önümlerini size berdim.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Оларың Реббе хөдүр эдйән иң оңат зейтун ягыны, иң оңат шерабыны ве бугдайыны, иң оңат өнүмлерини сизе бердим.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:12
19 Iomraidhean Croise  

Hudaý saňa Gögüň çygyndan, mes toprakly ýerden, bol galla hem şerap bersin.


Bagalşalyşadan bir adam geldi. Ol Hudaýyň adamy üçin hasylynyň ilkinji ýetişen miwesinden oňa azyk getirdi. Ol Elýaşa öz haltasynda ýigrimi sany arpa çöregi bilen täze bugdaý sümmüllerini getirip berdi. Elýaşa: «Bulary halka ber, goý, adamlar iýsinler» diýdi.


Patyşanyň buýrugy ýaýran badyna, ysraýyl halky dänäniň, şerabyň, ýagyň, balyň we ekin meýdanynyň ähli önümleriniň ilkinji miwelerinden bolluk bilen berdiler; hemme zatdan ondan birini sahylyk bilen berdiler.


Hasylyňyzyň üzüm şerbedinden we zeýtun ýagyndan bermeli sadakalaryňyzy gijikdirmän beriň. Nowbahar ogullaryňyzy Maňa bagyş ediň.


Ýeriňizde önen ilkinji saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».


Ýeriňizde önen ilkinji saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».


Ähli zatlaryňyzyň ilkinji hasyly we ähli sadakalaryňyz ruhanylaryňky bolar. Öýüňize bereket iner ýaly, ilkinji galladan edilen hamyry ruhanylara beriň.


Siz bu zatlary Rebbe ekiniňiziň ilkinji hasyl sadakasy hökmünde berip bilersiňiz. Emma olar gurbanlyk sypasynda ýakymly ys çykarmak üçin ýakylmasyn.


Eger siz ekiniňiziň ilkinji hasylyny Rebbe galla sadakasy hökmünde hödür etmekçi bolsaňyz, ol döwlen täze bugdaý sümmülinden alnan we otda gowrulan bolsun.


Siz ýaşaýan ýerleriňizden iki çöregi Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür ediň. Olaryň her biri ondan iki batmana barabar saýlama bugdaý ununa ýugrulyp, ilkinji miwe hökmünde hamyrmaýaly bişirilen bolsun.


Ruhany bulary iki guzy we ilkinji hasyl çöregi bilen birlikde Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. Bular Rebbe bagyş edilip, ruhanynyňky bolmalydyr.


Halk öküzini ýa-da goýnuny Rebbe gurban etmek üçin getirende, olardan ruhanylara şular degişlidir: malyň bir öň aýagy, iki äňi we garny.


Ilkinji däne hasylyňyzy, ilkinji täze şeraby we zeýtun ýagyny, şeýle hem, goýnuňyzyň ilkinji gyrkymyny ruhana bermelisiňiz.


Onuň size berýän bu ýeriniň ähli miweleriniň ilkinji hasylyndan sebede salyp, Özüne ybadat edilmegi üçin Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine baryň.


Sygyr ýagydyr goýnuň süýdi bilen, semiz goç-guzular bilen, Başan ýurduň öküzleridir erkeji bilen, iň saýlama bugdaý bilen bakdy. Üzümden edilen gyrmyzy şerapdan içirdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan