Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:10 - Mukaddes Kitap

10 Olary siz iň mukaddes zat hökmünde iýmelisiňiz, hemme erkekler olardan iýip bilerler. Bular siziň üçin mukaddesdir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Олары сиз иң мукаддес зат хөкмүнде иймелисиңиз, хемме эркеклер олардан ийип билерлер. Булар сизиң үчин мукаддесдир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:10
13 Iomraidhean Croise  

Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir.


Siz ony mukaddes ýerde iýmelisiňiz. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyklar seniň we ogullaryňyň paýydyr. Çünki Reb maňa şeýle buýurdy.


«Näme üçin siz günä gurbanlygyny mukaddes öýüň ýanynda iýmediňiz? Ol örän mukaddes gurbanlykdyr, ony size Reb Öz huzurynda halky günälerinden saplamagyňyz üçin berdi ahyryn.


Ol guzyny mukaddes ýerde – günä hem-de ýakma gurbanlyk malynyň soýulýan ýerinde soýsun. Çünki ýazyk gurbanlygy-da, edil günä gurbanlygy ýaly, ruhanynyňky bolsun. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr.


Nogsanly ruhany Hudaýa hödür edilen iýmitden, mukaddes we iň mukaddes iýmitden iýip biler.


Onuň galanyny Harun we onuň ogullary iýsin. Ondan petir bişirilip, olar mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin.


Harunyň neslinden bolan her bir erkek göbekli bu galla sadakasyndan iýip biler. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan onuň nesilleri üçin ebedilik paýdyr. Bu galla sadakasyna Harunyň ogullaryndan başga galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar».


Ony günä gurbanlygy üçin hödür eden ruhany iýsin. Ol mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin.


Ruhanylar urugyndan bolan her bir erkek göbekli ondan iýip biler. Bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr.


Ruhany maşgalasyndan bolan her bir erkek göbekli ol mal etinden iýsin. Ol mukaddes ýerde iýilsin, çünki bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr.


Ine, bular hem siziňkidir: hödür edilen sowgatlary we ysraýyllaryň göterme sadakasy hökmünde berlen sadakalary Men saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý edip berdim. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam olardan iýip biler.


Iň mukaddes sadaka hökmünde otda ýakylmaýan zatlardan şular siziňki bolar: olaryň iň mukaddes zat hökmünde Maňa hödür edýän her bir sadakasy, galla sadakasymy, günä gurbanlygymy ýa ýazyk gurbanlygymy, parhy ýok, bular saňa we seniň ogullaryňa degişlidir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan