Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 18:1 - Mukaddes Kitap

1 Reb Haruna şeýle diýdi: «Sen, seniň ogullaryň we urugyňyz bilen bilelikde mukaddes zatlar bilen baglanyşykly edilen hata işlere jogapkär bolarsyňyz. Ruhanyçylyga degişli bolan işlerde hata goýberilse, oňa diňe sen öz ogullaryň bilen bile jogapkär bolarsyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Реб Харуна шейле дийди: «Сен, сениң огулларың ве уругыңыз билен билеликде мукаддес затлар билен багланышыклы эдилен хата ишлере җогапкәр боларсыңыз. Руханычылыга дегишли болан ишлерде хата гойберилсе, оңа диңе сен өз огулларың билен биле җогапкәр боларсың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 18:1
22 Iomraidhean Croise  

Harun muny maňlaýyna daksyn. Bu Meniň üçin nyşan bolar: ysraýyllar Maňa bagyşlap getiren sadakalary babatda günä edenlerinde, bu günä Harunyň üstünde bolar. Şonuň üçin-de, Harun bu bezegi hemişe maňlaýyna daksyn, şonda olar Meniň huzurymda ýalkanarlar.


Janynyň çeken jebir-jepalarynyň hözirini görüp, ol kanagatlanar. Öz bilşine görä, Meniň dogry gulum köpleri aklar, öz üstüne alar olaryň etmişini.


Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.


Onsoň çep gapdalyňa gyşaryp ýat-da, ysraýyl halkynyň ýazygyny öz üstüňde ýerleşdir; çep gapdalyňa gyşaran günleriňiň sanyna görä olaryň ýazyklaryny çekersiň.


«Näme üçin siz günä gurbanlygyny mukaddes öýüň ýanynda iýmediňiz? Ol örän mukaddes gurbanlykdyr, ony size Reb Öz huzurynda halky günälerinden saplamagyňyz üçin berdi ahyryn.


Ruhanylar Meniň buýruklarymy berjaý etsinler, ýogsam olar mukaddes çadyry harlandyklary üçin, öz jezalaryny çekip ölerler. Olary mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Size ol ýurdy gözden geçirmäge kyrk gün gerek bolan bolsa, kyrk günüň her güni üçin bir ýyl, jemi kyrk ýyllap etmişleriňiz üçin jeza çekersiňiz. Sizden ýüz öwrenimde, Meniň nähili bolýandygymy siz şondan bilersiňiz.


Ol size we siziň bütin lewi doganlaryňyza Özüne golaý barmaga rugsat beren bolsa-da, siz munuň üstesine ruhanylyk wezipesini hem talap edýärmisiňiz?!


Kim Rebbiň mukaddes çadyryna golaýlaşsa, ol öler. Şeýdip, indi biziň hemmämiz gyrlaýmalymy?» diýdiler.


Harunyň adyny lewileriň hasasyna ýaz. Çünki her tire baştutany üçin bir hasa bolmalydyr.


Onsoň Musa hasany getirip, Rebbiň huzurynda äht çadyrynda goýdy.


Ine, bular hem siziňkidir: hödür edilen sowgatlary we ysraýyllaryň göterme sadakasy hökmünde berlen sadakalary Men saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý edip berdim. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam olardan iýip biler.


«Lewi tiresini getir-de, ruhany Harunyň hyzmatynda goý, olar oňa kömek etsinler.


Şol mahal Reb: „Äht sandygymy götersinler, huzurymda gurbanlyklar hödürläp hyzmat etsinler, Meniň adymdan pata bersinler“ diýip, lewi tiresini saýlady. Olar şu güne çenli hem şeýle edýärler.


Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara tabyn boluň. Olar siziň janyňyz üçin Hudaýa hasabat bererler. Olaryň sözüne gulak asyň, sebäbi olar size gözegçilik edýändirler. Goý, olar borçlaryny şatlyk bilen ýerine ýetirsinler, gaýgy-hasrat çekmesinler, ýogsam, munuň size peýdasy degmez.


Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


Mika lewi ýigidini ruhanyçylyga belledi, şeýdip, bu ýaş ýigit Mikanyň öýünde ýaşaberdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan