Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 17:7 - Mukaddes Kitap

7 Onsoň Musa hasany getirip, Rebbiň huzurynda äht çadyrynda goýdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Онсоң Муса хасаны гетирип, Реббиң хузурында әхт чадырында гойды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 17:7
9 Iomraidhean Croise  

Ine, mukaddes çadyryň, ýagny mukaddes äht çadyrynyň gurluşynyň beýany: Bu Musanyň buýrugy esasynda işlenip, ruhany Harunyň ogly Ytamaryň görkezmesi boýunça lewileriň ýerine ýetiren işidi.


Oňa derek olary mukaddes äht çadyryna, onuň ähli esbaplaryna we oňa degişli zatlaryň hemmesine jogapkär edip goý. Mukaddes çadyry we onuň ähli esbaplaryny olar götersinler we oňa gözegçilik etsinler, öz çadyrlaryny onuň töwereginde diksinler.


Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler».


Emma bütin jemagat olary daşlamaly diýip haýbat atdy. Şonda Rebbe ýüz tutulýan çadyrda ähli ysraýyllara Rebbiň şöhraty göründi.


Hasalary getirip, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Maňa ýüz tutulýan çadyrdaky Äht sandygynyň öňünde goý.


Musa Rebbiň sözlerini ysraýyllara ýetirdi. Olaryň tire baştutanlarynyň hemmesi hasalaryny, her tire üçin bir hasany – jemi on iki hasany Musa berdiler. Harunyň hasasy-da şolaryň arasyndady.


Ogullaryň bilen äht çadyrynyň öňünde hyzmat edýärkäň, ataňyz Lewiniň tiresinden bolan ähli dogan-garyndaşlaryňyz size goşulyp, size hyzmat ederleri ýaly, olary-da ýanyňa getir.


Mukaddes çadyryň, ýagny äht çadyrynyň gurlan güni, ony bulut gaplap aldy. Agşamdan tä ertire çenli bulut oda meňzäp, mukaddes çadyryň depesinde durdy.


Ata-babalarymyzyň çölde äht çadyry bardy. Çadyr edil Hudaýyň Musa buýruşy ýaly, Onuň beren nusgasy boýunça gurlandy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan