Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 17:5 - Mukaddes Kitap

5 Meniň saýlan adamymyň hasasy gögerer, şeýdip, Men ysraýyllaryň sizden närazylyklarynyň soňuna çykaryn».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Мениң сайлан адамымың хасасы гөгерер, шейдип, Мен ысрайылларың сизден нәразылыкларының соңуна чыкарын».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 17:5
21 Iomraidhean Croise  

Uzyýa kuwwatlananda, gopbamlyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi.


Bular öz atlaryny nesil daragty boýunça hasaba alnanlaryň arasyndan gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçinem olar ruhanylykdan çykaryldylar.


Şoňa görä, olary çölde ýoklaryn diýip, milletler arasyndan zürýatlaryny ýoklaryn diýip, olary ýer ýüzüne dargatjak diýip, elini galdyryp, Reb kasam etdi.


Irden bolsa siz Rebbiň şöhratyny görersiňiz, sebäbi Reb siziň Özüne garşy edýän zeýrençleriňizi eşitdi. Bizden nalar ýaly, biz kim bolupdyrys?» diýdiler.


Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar, kökünden gögeren Şaha miwe berer.


Men dünýäni ýamanlygy üçin, etmişleri üçin jezalandyraryn erbetleri; tekepbirleriň gedemliginiň soňuna çykaryn, zalymlaryň ulumsylygyny peselderin.


Geljekde Ýakup kök urar, Ysraýyl gunçalap güllär, ýer ýüzüni miweden doldurar.


Oduň sypaly ýalmaýşy kimin, gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin, olaryň köki-de şeýle çüýrär, gülleri tozan kimin göge sowrular; çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler, Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler.


Öýleriňi oda ýakyp, köp aýallaryň gözleriniň alnynda saňa höküm çykararlar. Men zynagärligiňi bes etdirerin, indi gaýdyp oýnaşlaryňa muzd tölemersiň.


Men seniň Müsürden getiren haýasyzlygyň we zynagärligiň soňuna çykaryn. Sen olara indi gabagyňy galdyrmarsyň, Müsüri gaýdyp ýatlamarsyň».


«Olaryň biwepalygyna melhem ederin. Men olary çäksiz söýerin. Çünki Meniň gazabym olardan sowuldy.


Mukaddes çadyr göçürilmeli bolanda, ony lewiler ýygnasynlar. Mukaddes öý dikilmeli bolanda, ony lewiler diksinler. Lewilerden başga, kim oňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.


Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi.


Sen ähli ýoldaşlaryň bilen bile Haruna garşy bolduň, hakykatda bolsa bu siziň Rebbe garşy boldugyňyzdyr».


Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we Rebbiň ýanyna kime golaýlaşmaga rugsat edilendigini Ol säher bilen aýan eder. Reb Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder.


Reb Musa şeýle diýdi: «Harunyň hasasyny yzyna getirip, Äht sandygynyň öňünde goý. Ol pitneçiler üçin duýduryş alamaty hökmünde saklanar. Şeýdip, sen olaryň Menden närazy bolmaklarynyň soňuna çykarsyň, ýogsam olar ölerler».


Musa Rebbiň sözlerini ysraýyllara ýetirdi. Olaryň tire baştutanlarynyň hemmesi hasalaryny, her tire üçin bir hasany – jemi on iki hasany Musa berdiler. Harunyň hasasy-da şolaryň arasyndady.


Ertesi gün Musa äht çadyryna girdi, görse, ine, lewi tiresiniň beren, Harunyň ady ýazylan hasasy, hakykatdanam, gögeren eken. Onda pyntyklar, güller we ýetişen badamlar bardy.


Olaryň käbirleri ýaly hüňürdemäliň: olar Ölüm perişdesiniň elinden öldi.


Ysraýyllar üçin Rebbiň Äht sandygynyň öňünde Iordan derýasynyň suwunyň kesilendigini, Äht sandygy göterilip getirilende, suwlaryň yza çekilendigini olara gürrüň beriň. Şeýlelikde, bu daşlar ysraýyllar üçin asyrlar boýy subutnama bolar».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan