Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 17:3 - Mukaddes Kitap

3 Harunyň adyny lewileriň hasasyna ýaz. Çünki her tire baştutany üçin bir hasa bolmalydyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Харуның адыны левилериң хасасына яз. Чүнки хер тире баштутаны үчин бир хаса болмалыдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 17:3
10 Iomraidhean Croise  

Lewiniň nesil daragtyna görä, onuň ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat we Merary. Lewi bir ýüz otuz ýedi ýaşap dünýäden ötdi.


Imran öz kakasynyň gyz jigisi Ýokebedi özüne aýal edip aldy, ol hem oňa Harun bilen Musany dogrup berdi. Imran bir ýüz otuz ýedi ýaşap aradan çykdy.


Meni Hudaýyňyz Rebbiň ýanyna iberip: „Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe dileg et; Hudaýymyz Rebbiň aýdan ähli zatlaryny bize bildir, biz-de ýerine ýetireris“ diýeniňizde, siz uly hata goýberdiňiz.


«Eý, ynsan ogly, özüňe bir taýak al-da, onuň ýüzüne „Ýahuda üçin we onuň bilen birleşen ysraýyllar üçin“ diýip ýaz. Ýene bir taýak al-da, onuň ýüzüne „Ýusup we onuň bilen jebisleşen tutuş ysraýyl halky üçin Efraýymyň taýagy“ diýip ýaz.


«Ysraýyllara öz tire baştutanlarynyň hemmesinden, ýagny her tireden bir hasa – jemi on iki hasa ýygnap, olary saňa getirip bermeklerini tabşyr. Olaryň hersiniň atlaryny öz hasalaryna ýazyp goý.


Hasalary getirip, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Maňa ýüz tutulýan çadyrdaky Äht sandygynyň öňünde goý.


Reb Haruna şeýle diýdi: «Sen, seniň ogullaryň we urugyňyz bilen bilelikde mukaddes zatlar bilen baglanyşykly edilen hata işlere jogapkär bolarsyňyz. Ruhanyçylyga degişli bolan işlerde hata goýberilse, oňa diňe sen öz ogullaryň bilen bile jogapkär bolarsyň.


Emma sen ogullaryň bilen gurbanlyk sypasyna, iň mukaddes otaga degişli işleriň ählisini yhlas bilen berjaý etmelisiň. Ruhanylygy size Men peşgeş berdim. Sizden başga oňa kim golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».


Ýer ýarylyp, olary Kora bilen birlikde ýuwudypdy. Ol ýerdäki iki ýüz elli adam oda ýanypdy. Olar şeýdip, başgalara-da göz bolupdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan