Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 17:13 - Mukaddes Kitap

13 Kim Rebbiň mukaddes çadyryna golaýlaşsa, ol öler. Şeýdip, indi biziň hemmämiz gyrlaýmalymy?» diýdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Ким Реббиң мукаддес чадырына голайлашса, ол өлер. Шейдип, инди бизиң хеммәмиз гырлаймалымы?» дийдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 17:13
21 Iomraidhean Croise  

Ýöne Hudaý: „Siz bagyň ortasyndaky agajyň miwesinden iýmelem dälsiňiz, oňa degmelem dälsiňiz, ýogsam ölersiňiz“ diýdi».


Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi. Reb ýurt üçin edilen dilegleri kabul etdi; gyrgyn belasy Ysraýyldan sowuldy.


Öňki gezek sandygy siziň götermändigiňiz we ony bolmalysy ýaly idemändigimiz sebäpli, Hudaýymyz Rebbiň bize gahary geldi».


Gapdalyňda müň adam, sagyňda on müň adam ýykylar, emma bu zatlar saňa ýanaşmaz.


Indi masgaralamaňyzy bes ediň, ýogsam zynjyrlaryňyz agralar, bütin ýurduň weýran ediljekdigi barada karara gelendigini Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebden eşitdim.


Onsoň Musa halka ýüzlenip: «Ol azgynlaryň çadyrlarynyň golaýyna barmaň we olaryň hiç bir zadyny-da ellemäň, ýogsam olaryň günäleri zerarly sizem ýok bolarsyňyz» diýdi.


Reb Haruna şeýle diýdi: «Sen, seniň ogullaryň we urugyňyz bilen bilelikde mukaddes zatlar bilen baglanyşykly edilen hata işlere jogapkär bolarsyňyz. Ruhanyçylyga degişli bolan işlerde hata goýberilse, oňa diňe sen öz ogullaryň bilen bile jogapkär bolarsyň.


Ol ysraýyllynyň yzyndan çadyra girip, naýzany birbada olaryň ikisiniň hem – ysraýyllynyň hem, midýanly aýalyň hem garnyndan sokdy. Şol bada ysraýyl halkynyň arasyna iberilen gyrgynçylyk togtadyldy.


Onsoň Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahary geldi we Ol Öz nazarynda pislik eden nesil ölüp gutarýança, olary kyrk ýyllap çölde entetdi.


Hanany bu sözleri eşiden badyna, ýere ýykylyp jan berdi. Bu wakany eşidenleriň baryny elhenç gorky gurşap aldy.


indi bolsa Isa Mesihe degişlisiňiz. Siz birwagtlar Hudaýdan uzakdyňyz, indi bolsa Isa Mesihiň döken gany arkaly Oňa ýakynsyňyz.


Halkyň arasyndaky ähli urşujylar ölüp gutaran badyna,


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan