Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 17:11 - Mukaddes Kitap

11 Musa hemme zady edil Rebbiň buýruşy ýaly etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Муса хемме зады эдил Реббиң буйрушы ялы этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 17:11
6 Iomraidhean Croise  

Galalarynda ýaşaýan ýoldaşlaryňyzdan size gelen her işde, isle adam öldürmek dawasy bilen, isle kanun, tabşyryk, parzlar ýa-da hökümler işi bilen bolsun, Rebbe garşy günä etmezlige olara duýduryş beriň. Şonda siziň we ýoldaşlaryňyzyň üstünden Onuň gazaby inmez. Şeýle ediň, şonda siz ýazykly bolmarsyňyz.


Soňra Harun halk üçin günä gurbanlygyna niýetlenen erkejiň damagyny çalyp, onuň ganyny iň mukaddes otaga getirsin. Onuň ganyny-da, öküzçäniň ganyny edişi ýaly, Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we öňüne sepelesin.


Ysraýyl halkynyň haramlyklary we olaryň bar etmişleri, günäleri zerarly Harun iň mukaddes otagy halallasyn. Ol Rebbe ýüz tutulýan öýi-de halallasyn, çünki Rebbe ýüz tutulýan bu öý murdarlykdan doly düşelgäniň ortarasyndadyr.


Emma halk entek etiň hemmesini iýip ýetişmänkä, Reb gazaplanyp, düşelgä elhenç gyrgynçylyk iberdi.


Reb Musa şeýle diýdi: «Harunyň hasasyny yzyna getirip, Äht sandygynyň öňünde goý. Ol pitneçiler üçin duýduryş alamaty hökmünde saklanar. Şeýdip, sen olaryň Menden närazy bolmaklarynyň soňuna çykarsyň, ýogsam olar ölerler».


Ysraýyllar Musa: «Onda biziň işimiz gaýdypdyr! Biziň barymyz heläk bolarys!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan