Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 17:10 - Mukaddes Kitap

10 Reb Musa şeýle diýdi: «Harunyň hasasyny yzyna getirip, Äht sandygynyň öňünde goý. Ol pitneçiler üçin duýduryş alamaty hökmünde saklanar. Şeýdip, sen olaryň Menden närazy bolmaklarynyň soňuna çykarsyň, ýogsam olar ölerler».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Реб Муса шейле дийди: «Харуның хасасыны ызына гетирип, Әхт сандыгының өңүнде гой. Ол питнечилер үчин дуйдурыш аламаты хөкмүнде сакланар. Шейдип, сен оларың Менден нәразы болмакларының соңуна чыкарсың, ёгсам олар өлерлер».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 17:10
23 Iomraidhean Croise  

Erbetler ene ýatgysyndan bäri dogry ýoldan azaşandyrlar, dünýä inenleri bäri ýalan sözläp, ýalňyşýandyrlar.


Musa: «Rebbiň buýrugy şeýle: „Geljekki nesiller üçin bir omer möçberde manna saklaň, şonda olar Müsürden alyp çykanymdan soňra, çölde sizi nähili çörek bilen bakanymy görerler“» diýdi.


Rebbiň Musa buýruşy ýaly, Harun ony saklamak üçin, Äht sandygynyň öňünde goýdy.


Eý, gök, eşit, eý, ýer, gulak goý! Reb şeýle diýýär: «Men çagalary ekledim, ulaltdym, emma olar garşyma baş göterdiler.


«Eý, Ysraýyl, Gibga günlerinden bäri günä etdiňiz. Olar şol taýda günälerini dowam etdiler. Pislik edýänlere garşy uruş Gibgada siziň üstüňizi basmazmyka?


Musa bilen Harun bütin ysraýyl halkynyň öňünde ýüzin ýykyldylar.


«Siz bu jemagatdan bir gyra çekiliň, Men bulary bir demde ýok edeýin!»


Jana kast edip, günä eden bu adamlaryň maňňallaryndan bolsa ýukajyk gapaklar ýasaň. Maňňallar Rebbiň huzuryna eltilensoň, mukaddes boldular. Goý, olar ysraýyllar üçin nyşan bolsunlar».


Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.


Musa hemme zady edil Rebbiň buýruşy ýaly etdi.


Hasalary getirip, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Maňa ýüz tutulýan çadyrdaky Äht sandygynyň öňünde goý.


Onsoň Musa hasalary Rebbiň huzuryndan alyp, ähli ysraýyllaryň öňüne çykardy. Olar bu ahwalata syn etdiler we her kim öz hasasyny aldy.


Musa Rebbiň buýruşy ýaly baryp, hasany aldy.


«Lewileriň arasynda kohat urugynyň ýok bolup gitmegine ýol bermäň.


Olaryň käbirleri ýaly hüňürdemäliň: olar Ölüm perişdesiniň elinden öldi.


Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Şu zatlar sebäpli Hudaýyň gazaby Özüne boýun egmeýänleriň üstünden inýändir.


Meniň sizi tanan günümden bäri, siz Rebbe garşy çykyp gelýärsiňiz.


Hudaýyňyz Rebbiň çölde nähili gaharyny getirendigiňizi ýadyňyza salyň we ony unutmaň. Müsür ýurdundan çykan günüňizden, tä bu ýere gelen günüňize çenli siz Rebbe garşy baş göterdiňiz.


Bu otagda ýakymly ysly tütetgi sypasy we Äht sandygy bardy. Olaryň ikisi hem sap altyndan ýasalandy. Äht sandygynda içi mannadan doly altyn golça, Harunyň güllän hasasy, tabşyryklar ýazylan iki daş bölegi bardy.


Eliýiň ogullary ruhany bolsalar-da, ýaramazdylar. Olar Rebbi sylamaýardylar,


Şonda Dawut bilen bile gelenleriň arasyndaky pis hem ýaramaz adamlar şeýle diýdiler: «Bizden galandyklary üçin, olar oljadan hiç zat almazlar. Olar diňe öz aýallary bilen çagalaryny alsynlar-da gidibersinler».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan