Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:9 - Mukaddes Kitap

9 Ysraýyl Hudaýy sizi ysraýyl halkynyň arasyndan saýlap aldy. Siz Rebbiň mukaddes çadyrynyň hyzmatyny ederiňiz ýaly we halkyň öňünde durup olara hyzmat ederiňiz ýaly, Ol size Özüne ýakynlaşmaga mümkinçilik berdi. Size indi şu-da azmy?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Ысрайыл Худайы сизи ысрайыл халкының арасындан сайлап алды. Сиз Реббиң мукаддес чадырының хызматыны эдериңиз ялы ве халкың өңүнде дуруп олара хызмат эдериңиз ялы, Ол сизе Өзүне якынлашмага мүмкинчилик берди. Сизе инди шу-да азмы?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:9
20 Iomraidhean Croise  

Leýa oňa: «Ärimi elimden alanyňy az görüp, indi oglumyň getiren selmelek köklerini-de alsam diýýärmiň?» diýdi. Rahel oňa: «Bolýar, selmelek kökleriniň deregine Ýakup şu gije seniň bilen ýataýsyn» diýdi.


Ýa Hökmürowan Reb, bu zatlary hem az görýän ýaly, Sen Öz guluň nesliniň geljegi hakynda hem söz berdiň. Ýa Hökmürowan Reb, Sen ynsanlar bilen adatça şeýle iş salyşýaňmy?!


Ýoşyýa Reb üçin bagyş edilip, bütin ysraýyl halkyna tälim beren lewilere şeýle diýdi: «Mukaddes sandygy Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň guran öýünde goýuň. Mundan beýläk ony gerşiňizde götermekligiň geregi ýokdur. Indi Hudaýyňyz Rebbe we Onuň halky Ysraýyla hyzmat ediň.


Şol gün ybadathana üçin berilýän gatançlaryň, ilkinji miweleriň we ondan birleriň saklanýan ammarlaryna gözegçiler goýuldy. Olar ruhanylar we lewiler üçin kanun tarapyndan galalaryň meýdanlaryna görä kesgitlenen paýlary ýygnamalydylar. Çünki ýahudalar ruhanylaryň we lewileriň hyzmatyndan hoşaldylar.


Onsoň Işaýa şeýle diýdi: «Gulak goýuň, eý, Dawudyň nesilleri! Ynsanlary irizeniňiz size azlyk edip, indi Hudaýymy hem irizjekmisiňiz?


Ýaşyl ýaýlada otlaýarsyňyz, şonda-da örüleriňiziň artyp galanyny aýaklaryňyz bilen basalaýarsyňyz. Dury suwdan gansaňyz-da, galanyny aýagyňyz bilen bulaýarsyňyz.


Mukaddes öýüme diňe olar girerler, Maňa hyzmat etmek üçin hantagtama olar ýakynlaşarlar we öýüň goramak keşigini olar çekerler.


Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler».


Bizi çölde öldürmek üçin, süýt we bal akýan Müsür topragyndan çykaryp, şu ýere getireniňi az görýärmiň? Ýene-de üstümizden höküm hem sürjek bolýarmyň?


Soňra Musa Kora ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý, lewiler, maňa gulak salyň!


«Lewi tiresini getir-de, ruhany Harunyň hyzmatynda goý, olar oňa kömek etsinler.


Lewileri Harunyň we onuň nesilleriniň ygtyýaryna ber. Olar ysraýyllaryň arasyndan Harunyň ygtyýaryna doly berlendir.


Bular Rebbe ybadat edip, agyz bekleýärkäler, Mukaddes Ruh: «Barnap bilen Şawuly Maňa bagyş ediň, goý, olar Meniň tabşyran işimi berjaý etsinler» diýdi.


Siziň ýa-da islendik ynsan kazyýetiniň maňa nähili höküm çykarýandygy meni az gyzyklandyrýar. Öz üstümden hatda özüm-de höküm çykaramok.


Şol mahal Reb: „Äht sandygymy götersinler, huzurymda gurbanlyklar hödürläp hyzmat etsinler, Meniň adymdan pata bersinler“ diýip, lewi tiresini saýlady. Olar şu güne çenli hem şeýle edýärler.


Şeýlelikde, Şawulyň hyzmatkärleri patyşanyň sözlerini Dawuda ýetirdiler. Dawut olara: «Meniň ýaly ýoksul hem arzysyz adam üçin patyşa giýew bolmaklyk ýeňil işdir öýdýäňizmi?» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan