Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:46 - Mukaddes Kitap

46 Musa Haruna şeýle diýdi: «Öz tütetgi ýakylýan gabyňy al, oňa gurbanlyk sypasyndan köz alyp sal, onuň üstüne-de ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günälerinden saplamak üçin, çaltlyk bilen olaryň arasyna bar. Çünki Rebbiň gahar-gazaby tutaşdy, gyrgynçylyk başlandy».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

46 Муса Харуна шейле дийди: «Өз түтетги якылян габыңы ал, оңа гурбанлык сыпасындан көз алып сал, онуң үстүне-де якымлы ыслы түтетгини гоюп, халкы гүнәлеринден сапламак үчин, чалтлык билен оларың арасына бар. Чүнки Реббиң гахар-газабы туташды, гыргынчылык башланды».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:46
23 Iomraidhean Croise  

Seruýanyň ogly Ýowap ilat ýazuwyny geçirmäge girişenem bolsa, ol bu işi ahyryna çenli alyp gitmedi. Sebäbi munuň üçin Ysraýyla Rebbiň gahary geldi. Şeýdip, soňkular Dawut patyşanyň taryh kitabyna girizilmedi.


Ol tupany asudalyga öwürdi, deňiz tolkunlary köşeşdi.


Onuň öňüne arz-halymy dökýärin, Onuň öňünde gaýgylarymy beýan edýärin.


Soňra Musa Haruna we onuň ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Saçlaryňyz daralmadyk bolmasyn, ýas baglap, ýakaňyzy ýyrtmaň. Eger siz şularyň birini etseňiz, ölersiňiz we Rebbiň gazaby bütin halkyň başyndan iner. Emma siziň garyndaşlaryňyz we bütin ysraýyl halky Rebbiň ot üsti bilen ýok edenleri üçin ýas tutup bilerler.


Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy.


Onuň öňünden gyrgyn keseli, yzyndan ölüm gitdi.


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler».


Emma halk entek etiň hemmesini iýip ýetişmänkä, Reb gazaplanyp, düşelgä elhenç gyrgynçylyk iberdi.


Mundan beýläk ysraýyllaryň depesinden gazabym inmez ýaly, mukaddes ýeriň we gurbanlyk sypasynyň işlerini siziň özüňiz ediň.


Pinehas öz Hudaýyna wepadarlygyny görkezip, ysraýyllary günäsinden saplandygy üçin, oňa we onuň nesline ruhanylygy müdimilik bagyş edýärin“».


Ol ysraýyllynyň yzyndan çadyra girip, naýzany birbada olaryň ikisiniň hem – ysraýyllynyň hem, midýanly aýalyň hem garnyndan sokdy. Şol bada ysraýyl halkynyň arasyna iberilen gyrgynçylyk togtadyldy.


Onuň üstesine-de, Ol ysraýyllardan lewileri Haruna we onuň ogullaryna peşgeş hökmünde berdi. Çünki lewiler ysraýyllara derek Rebbe ýüz tutulýan öýde işleýändikleri üçin, ysraýyllary günälerinden saplarlar. Lewiler ysraýyllary mukaddes zatlara has golaý gelmekden gorarlar, ýogsam ysraýyllar heläk bolarlar».


Tabgerada-da, Masada-da, Kibrothatawada-da Rebbiň gaharyny getirdiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan