Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:42 - Mukaddes Kitap

42 Jemagat olara garşy toplananda, Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyra tarap öwrüldiler. Ine, görseler, ony bulut büräp, Rebbiň şöhraty göründi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

42 Җемагат олара гаршы топлананда, Муса билен Харун Реббе йүз тутулян чадыра тарап өврүлдилер. Ине, гөрселер, оны булут бүрәп, Реббиң шөхраты гөрүнди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:42
10 Iomraidhean Croise  

Harun tutuş ysraýyl halkyna ýüzlenip geplän badyna, olar çölde buludyň içinde peýda bolan Rebbiň şöhratyny gördüler.


Irden bolsa siz Rebbiň şöhratyny görersiňiz, sebäbi Reb siziň Özüne garşy edýän zeýrençleriňizi eşitdi. Bizden nalar ýaly, biz kim bolupdyrys?» diýdiler.


Rebbiň şöhraty Sinaý dagyna ornaşdy. Bulut dagy alty günläp örtdi. Ýedinji gün Reb Musany buludyň içinden çagyrdy.


Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyra girdiler, soňra daşary çykyp, halka ak pata berdiler. Şol wagt Rebbiň şöhraty bütin halka göründi.


Emma bütin jemagat olary daşlamaly diýip haýbat atdy. Şonda Rebbe ýüz tutulýan çadyrda ähli ysraýyllara Rebbiň şöhraty göründi.


Soňra Kora Musa bilen Harunyň garşysyna çykmak üçin, bütin jemagaty Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnady, şonda bütin jemagata Rebbiň şöhraty göründi.


Onsoň Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne geldiler.


Olaryň düşlän ýerinde suw ýokdy, onsoň jemagat Musa bilen Harunyň garşysyna toplandy.


Onsoň Musa bilen Harun jemagatyň öňünden gitdiler we Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine baryp, ýere ýüzin ýykyldylar. Rebbiň şöhraty bulara göründi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan