Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:41 - Mukaddes Kitap

41 Ýöne ertesi gün Ysraýyl ogullarynyň bütin jemagaty Musa bilen Haruna garşy çykyp: «Rebbiň halkyny siz öldürdiňiz» diýdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

41 Йөне эртеси гүн Ысрайыл огулларының бүтин җемагаты Муса билен Харуна гаршы чыкып: «Реббиң халкыны сиз өлдүрдиңиз» дийдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:41
18 Iomraidhean Croise  

Ahap Ylýasy görüp, oňa: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän senmisiň?» diýdi.


Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.


Deňizdäki gämilerde ýüzýänler, haýbatly suwlarda söwda edýänler


Ýa Reb, el galdyrdyň, emma ony görmediler. Halkyňa bolan yhlasyňy görüp, utansynlar olar. Duşmanlaryňa niýetlenen ot, goý, olary ýuwutsyn.


Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär».


Babyllylar bizi öldürsinler ýa-da Babyla ýesir edip äkitsinler diýip, bizi olaryň eline tabşyrmak üçin Neriýanyň ogly Baruk seni biziň üstümize küşgürýär».


Onsoň Beýteldäki Amazýa ruhany Ysraýylyň patyşasy Ýarobgama şeýle habar ýollady: «Amos ysraýyl halkynyň arasynda saňa garşy dildüwşük gurady. Ýurt onuň munça sözlerini göterip bilmez.


Bütin ysraýyl halky Musa bilen Harundan zeýrenişip, şeýle diýdi: «Biz Müsür ýurdunda ýa-da bu çöllükde ölen bolsak, mundan gowy bolardy!


Men sebäpli adamlaryň size sögen, yzarlan, nähak ýere her hili gybatyňyzy eden mahaly bagtlysyňyz!


Olar: «Eý, ysraýyl halky! Kömek ediň! Bu adam ähli ýerde biziň halkymyza, Musanyň bize beren kanunyna, ybadathanamyza garşy hemmelere ters sapak berýär. Munuň üstesine-de, grekleri ybadathana getirip, bu mukaddes ýeri harama çykardy» diýip gygyrdylar.


«Biz size şu at bilen wagyz etmäň diýip, berk tabşyryk bermänmidik? Siz bolsa öz taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz. Bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýdi.


Olaryň käbirleri ýaly hüňürdemäliň: olar Ölüm perişdesiniň elinden öldi.


Adamlar bizi sylasalar-da, kemsitseler-de, myjabat ýapsalar-da, öwseler-de – biz barybir Hudaýa hyzmat edýäris. Olar bizi ýalançy saýýarlar, ýöne biz hakykaty sözleýändiris.


Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan