Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:40 - Mukaddes Kitap

40 Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

40 Бу ысрайыллара Харуның неслинден болмадык кишиниң Реббиң хузурында якымлы ыслы түтетгини хөдүр этмели дәлдигини, ёгсам Кораның ве онуң ёлдашларының гүнүне дүшҗекдигини ятладып дурмак үчинди. Элгазар буларың барыны эдил Реббиң Муса аркалы өзүне айдышы ялы этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:40
16 Iomraidhean Croise  

Bular öz atlaryny nesil daragty boýunça hasaba alnanlaryň arasyndan gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçinem olar ruhanylykdan çykaryldylar.


Ýüzi demirgazyga tarap bakýan otag bolsa, gurbanlyk sypasyny goraýan ruhanylar üçindir. Bular lewi tiresinden bolup, Rebbe hyzmat etmek üçin, Oňa ýakynlaşan Sadogyň ogullarydylar».


Maňa hyzmat etmek üçin huzuryma gelen Sadok neslinden bolan ruhanylara günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçe ber. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ruhany maşgalasyndan bolmadyk adam mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Ruhanyňkyda wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek ýa-da günlükçi mukaddes sadakalardan iýmesin.


Mukaddes çadyr göçürilmeli bolanda, ony lewiler ýygnasynlar. Mukaddes öý dikilmeli bolanda, ony lewiler diksinler. Lewilerden başga, kim oňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.


Onsoň ruhany Elgazar ýandyrylan adamlar tarapyndan Rebbiň huzuryna eltilen bürünç maňňallary alyp, olardan gurbanlyk sypasyny ýapar ýaly gapaklar ýasatdy.


Haruny we onuň ogullaryny hasaba al. Ruhanyçylyk wezipesini diňe şolar ýerine ýetirmelidirler, olardan başga kim mukaddes çadyra golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».


Musa bilen Harunyň we onuň ogullarynyň düşelgesi gündogar tarapda, Rebbe ýüz tutulýan öýüň öňünde, ýagny mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde bolsun. Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes öýi goramak keşigini çekerler. Olardan başga kim muňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.


Hiç kim baş ruhany bolmak hormatyny özi gazanyp bilmez, ol Harun ýaly, Hudaý tarapyndan çagyrylýar.


Ysraýyllar üçin Rebbiň Äht sandygynyň öňünde Iordan derýasynyň suwunyň kesilendigini, Äht sandygy göterilip getirilende, suwlaryň yza çekilendigini olara gürrüň beriň. Şeýlelikde, bu daşlar ysraýyllar üçin asyrlar boýy subutnama bolar».


Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan