Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:4 - Mukaddes Kitap

4 Musa muny eşidip, ýüzin ýykyldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Муса муны эшидип, йүзин йыкылды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:4
7 Iomraidhean Croise  

Olar öldürip ýörkäler, men ýeke galdym we ýüzin ýykylyp, dady-perýat etdim: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Gahar-gazabyňy Iýerusalimiň üstünden döküp, Ysraýylyň aman galan halkynyň hem baryny gyraýjakmy?»


Musa bilen Harun bütin ysraýyl halkynyň öňünde ýüzin ýykyldylar.


Emma Musa bilen Harun ýüzin ýykylyp: «Eý, Hudaý, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, bir adam günä etdi diýip, bütin jemagata gazaplanýarmyň?» diýdiler.


«Bu jemagatyň arasyndan gyra çykyň, Men bulary bir demde ýok edeýin». Olar ýüzin ýykyldylar.


Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we Rebbiň ýanyna kime golaýlaşmaga rugsat edilendigini Ol säher bilen aýan eder. Reb Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder.


Onsoň Musa bilen Harun jemagatyň öňünden gitdiler we Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine baryp, ýere ýüzin ýykyldylar. Rebbiň şöhraty bulara göründi.


Ýeşuwa we Ysraýylyň ýaşululary ýakalaryny ýyrtyp, özlerini ýüzinligine ýere oklap, başlaryndan gum sowrup, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde tä agşama çenli ýas tutup ýatdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan