Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:38 - Mukaddes Kitap

38 Jana kast edip, günä eden bu adamlaryň maňňallaryndan bolsa ýukajyk gapaklar ýasaň. Maňňallar Rebbiň huzuryna eltilensoň, mukaddes boldular. Goý, olar ysraýyllar üçin nyşan bolsunlar».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

38 Җана каст эдип, гүнә эден бу адамларың маңңалларындан болса юкаҗык гапаклар ясаң. Маңңаллар Реббиң хузурына элтиленсоң, мукаддес болдулар. Гой, олар ысрайыллар үчин нышан болсунлар».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:38
14 Iomraidhean Croise  

Onsoň Süleýman patyşa Rebden ant içip, şeýle diýdi: «Eger Adonyýa bu sözleri üçin öz jany bilen jogap bermese, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin.


Patyşanyň gazaby arslanyň nagrasy kimindir, onuň gaharyny getirýän öz janyna töwekgellik edýändir.


Kim meni tutmasa, öz janyna zyýan edýär. Meni ýigrenýänleriň ählisi ölümi söýýändir».


Indi bolsa Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: „Näme üçin siz öz başyňyzdan bu ägirt uly betbagtçylygy inderýärsiňiz? Özüňizden soň hiç kim galmaz ýaly, Ýahudadan erkegi, aýaly, çaga-çugany we bäbegi gyryp taşlajaksyňyzmy?


Ol adamdan ýüzümi öwrüp, ony alamata we tymsala öwrerin, ony halkymyň içinden sogrup taşlaryn. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Köp halklaryň soňuna çykmak bilen öz öýüňizi utanja goýduňyz, janyňyzdan mahrum bolduňyz.


«Ruhany Harunyň ogly Elgazara aýt, maňňallaryň mukaddesdigi üçin olary oduň içinden çykarsyn we olaryň içindäki közleri çetde giň edip pytradyp taşlasyn.


Onsoň ruhany Elgazar ýandyrylan adamlar tarapyndan Rebbiň huzuryna eltilen bürünç maňňallary alyp, olardan gurbanlyk sypasyny ýapar ýaly gapaklar ýasatdy.


Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.


Reb Musa şeýle diýdi: «Harunyň hasasyny yzyna getirip, Äht sandygynyň öňünde goý. Ol pitneçiler üçin duýduryş alamaty hökmünde saklanar. Şeýdip, sen olaryň Menden närazy bolmaklarynyň soňuna çykarsyň, ýogsam olar ölerler».


Ýer ýarylyp, olary Kora bilen birlikde ýuwudypdy. Ol ýerdäki iki ýüz elli adam oda ýanypdy. Olar şeýdip, başgalara-da göz bolupdylar.


Bularyň bary başgalara sapak bolsun diýip, ata-babalarymyzyň başyndan indi. Bu zamanyň ahyrky günlerinde ýaşaýanlara, ýagny bize duýduryş hökmünde ýazyldy.


Sodom we Gomora şäherlerini ýakyp-ýandyryp weýran etdi we bulary geljekde hudaýsyzlara näme boljakdygyny bilmäge sapak bolsun diýip etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan