Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:33 - Mukaddes Kitap

33 Şeýdip, olar ähli goş-golamlary bilen bile diriligine ölüler dünýäsine düşdüler. Olaryň yzyndan ýer ýapyldy we olar jemagatyň arasyndan gaýyp boldular.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

33 Шейдип, олар әхли гош-голамлары билен биле дирилигине өлүлер дүнйәсине дүшдүлер. Оларың ызындан ер япылды ве олар җемагатың арасындан гайып болдулар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:33
19 Iomraidhean Croise  

Zyndandan azat et meni, adyňa şükür edeýin! Ýa Reb! Maňa jomartlyk edeniň üçin, dogrular meni gurşarlar.


Beýiklikden uzat eliňi, haýbatly suwlardan, kesekilerden azat et, halas et meni.


Emma sen ölüler dünýäsine, gabryň düýbüne inderilersiň.


Sen gelýärkäň ölüler dünýäsi garşylamaga howlugýar; ol seniň üçin ölüleri, ýer ýüzüniň ähli başlyklaryny oýarýar; milletleriň ähli şalaryny tagtlaryndan turuzýar.


Ölüler dünýäsi Saňa şükürler aýtmaz, ölüm Saňa öwgüler aýtmaz, Seniň wepalylygyňa umyt baglap bilmezler gabra inýänler.


Şeýlelikde, suwlaryň ýakasynda ýetişen hiç bir agaç boý alyp, belende çykmaz ýa-da başlary buluda ýetmez we bol suw içip ösen hiç bir agaç beýle belentlige ýetmez. Olaryň bary gabra inýän ähli ynsanlar bilen birlikde ölüler dünýäsine ýeriň teýine inderildiler».


«Eý, ynsan ogly! Müsür goşuny hakda dady-perýat et, ony we güýçli milletleriň gyzlaryny ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýine inder.


Ähli demirgazyk ýolbaşçylary we sidonlylar hem ol ýerdedi. Güýçli bolup howp salandyklaryna garamazdan, olar utanç içinde gylyçdan geçirilenler bilen birlikde aşak indiler. Olar gylyçdan geçirilen sünnetsizler bilen ýatyrlar we ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde utanja galdylar.


Ýer agzyny açyp, olary we maşgalalaryny – Kora degişli bolan adamlaryň we emlägiň baryny ýuwutdy.


Olaryň töwereginde duran ähli ysraýyllar bolsa, olaryň dady-perýadyny eşidenlerinde: «Ýer bizi-de ýuwudar!» diýşip gaçdylar.


Eşek Meni gördi we üç sapar Meniň öňümden sowuldy. Eger ol sowulmadyk bolsa, hakykatdan hem Men seni öldürerdim, ony bolsa diri galdyrardym».


Koranyň ogullary bolsa ölmän galypdylar.


Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwudar ol ot, daglaryň binýadyny ýakyp kül eder.


Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan