Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:32 - Mukaddes Kitap

32 Ýer agzyny açyp, olary we maşgalalaryny – Kora degişli bolan adamlaryň we emlägiň baryny ýuwutdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

32 Ер агзыны ачып, олары ве машгалаларыны – Кора дегишли болан адамларың ве эмләгиң барыны ювутды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:32
21 Iomraidhean Croise  

Indi sen näletlendiň we doganyňyň seniň eliň bilen dökülen ganyny özüne siňdiren toprakdan mahrum bolduň.


Kohadyň nesilleri: Kohatdan Eminadap, Eminadapdan Kora, Koradan Asyr,


Tahat Sepanýanyň atasy, Asyr Tahadyň atasy, Ebiýasap Asyryň atasy, Kora Ebiýasabyň atasy,


Öz günäli ýollary we etmişleri zerarly, akylsyzlar jebir-jepalar çekdi.


Zyndandan azat et meni, adyňa şükür edeýin! Ýa Reb! Maňa jomartlyk edeniň üçin, dogrular meni gurşarlar.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.


Ýa Reb, gulak goý, maňa jogap ber, çünki men garyp we mätäçdirin.


Ezra neslinden bolan Eýtanyň maskili


Jaýryk-jaýryk bolar ýer ýüzi, bölek-bölek bolar ol, ýer ýüzi güýçli sarsar.


Şonuň üçin doýmagy bilmeýän ölüler dünýäsi agzyny giňden açdy; Iýerusalimiň at-abraýlylary, köplügi, şowhunçylary, şady-horramlary bu dünýä girerler,


Her biriňiz öz tütetgi gaplaryňyza ýakymly ysly tütetgi salyň, iki ýüz elli kişiniň her biri öz tütetgi gabyny göterip, Rebbiň huzuryna gelsin. Harun ikiňizem tütetgi gaplaryňyzy getiriň».


Emma Reb entek görlüp-eşidilmedik bir zat edäýse, ýagny ýer darka ýarylyp, bu adamlary we olara degişli zatlaryň hemmesini ýuwutsa, olar hem diriligine ölüler dünýäsine düşseler, şonda bu adamlaryň Rebbi äsgermezlik edendiklerine göz ýetirersiňiz».


Musa bu zatlary aýdyp gutaran badyna, olaryň astyndaky ýer darka ýaryldy.


Şeýdip, olar ähli goş-golamlary bilen bile diriligine ölüler dünýäsine düşdüler. Olaryň yzyndan ýer ýapyldy we olar jemagatyň arasyndan gaýyp boldular.


Koranyň gozgalaňynda ölenlerden başga, gyrgynçylykdan ölenleriň sany on dört müň ýedi ýüz adam boldy.


Ýer ýarylyp, olary Kora bilen birlikde ýuwudypdy. Ol ýerdäki iki ýüz elli adam oda ýanypdy. Olar şeýdip, başgalara-da göz bolupdylar.


Koranyň ogullary bolsa ölmän galypdylar.


«Biziň atamyz çölde jan berdi. Ol Rebbiň garşysyna baş göteren Koranyň toparyna goşulmady, ol öz günäsi üçin öldi we ondan ogul galmady.


«Lewileriň arasynda kohat urugynyň ýok bolup gitmegine ýol bermäň.


ruben tiresinden Eliýabyň agtyklary Datan bilen Abyrama Rebbiň näme edenini, ýagny ähli ysraýyllaryň arasynda ol ikisini, tutuş hojalygy, çadyrlary we olara degişli ähli janly-jandary bilen bile ýeriň agzyny açyp, nähili ýuwudanyny görmediler.


Emma ýer agzyny açyp, aždarhanyň agzyndan akdyran derýasyny ýuwudyp, aýala kömek etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan