Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:30 - Mukaddes Kitap

30 Emma Reb entek görlüp-eşidilmedik bir zat edäýse, ýagny ýer darka ýarylyp, bu adamlary we olara degişli zatlaryň hemmesini ýuwutsa, olar hem diriligine ölüler dünýäsine düşseler, şonda bu adamlaryň Rebbi äsgermezlik edendiklerine göz ýetirersiňiz».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

30 Эмма Реб энтек гөрлүп-эшидилмедик бир зат эдәйсе, ягны ер дарка ярылып, бу адамлары ве олара дегишли затларың хеммесини ювутса, олар хем дирилигине өлүлер дүнйәсине дүшселер, шонда бу адамларың Ребби әсгермезлик эдендиклерине гөз етирерсиңиз».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:30
12 Iomraidhean Croise  

Çünki ýokardaky Hudaýdan paýym nedir, gökdäki Gudratygüýçlüden mirasym nedir diýip pikir etdim.


Erbetleriň başyndan betbagtçylyk, pislik edýänleriň başyndan bela inmeýärmi?


Dogrularyň ýurdunda erbetler höküm sürmezler baky, ýogsa dogrularyň hem ýamanlyk etmegi ahmal.


Öz işini, täsin işini, amalyny, geň amalyny ýerine ýetirmek üçin, Perazim dagyndaky ýaly aýaga galar Reb, Gibgon jülgesindäki ýaly gazaba müner.


Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin.


Men ýeri döretdim, onda ynsanlary ýaratdym; ellerim gökleri gerdi, asman jisimlerine buýruk berdim.


Nury, garaňkylygy ýaradýan Mendirin, abadançylygy, betbagtçylygy getirýän-de Mendirin; bularyň hemmesini Men – Reb edýändirin.


Sen haçana çenli ikirjiňlenip ýörjek, eý, biwepa gyz? Reb dünýäde täze zat ýaratdy: aýal goraýar erkegi».


Şeýlelikde, suwlaryň ýakasynda ýetişen hiç bir agaç boý alyp, belende çykmaz ýa-da başlary buluda ýetmez we bol suw içip ösen hiç bir agaç beýle belentlige ýetmez. Olaryň bary gabra inýän ähli ynsanlar bilen birlikde ölüler dünýäsine ýeriň teýine inderildiler».


Musa bu zatlary aýdyp gutaran badyna, olaryň astyndaky ýer darka ýaryldy.


Şeýdip, olar ähli goş-golamlary bilen bile diriligine ölüler dünýäsine düşdüler. Olaryň yzyndan ýer ýapyldy we olar jemagatyň arasyndan gaýyp boldular.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan