Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 16:29 - Mukaddes Kitap

29 Eger bu adamlar hem beýlekiler ýaly öz ajalyna ölseler, onda meni Rebbiň ibermedigidir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

29 Эгер бу адамлар хем бейлекилер ялы өз аҗалына өлселер, онда мени Реббиң ибермедигидир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 16:29
11 Iomraidhean Croise  

Agşam gurbanlyk hödürlenmeli wagty Ylýas pygamber gurbanlyk sypasyna golaý gelip, şeýle dileg etdi: «Eý, Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýylyň Hudaýy Reb, bu gün Sen Ysraýylda Hudaýdygyňy, meniň guluňdygymy, meniň bu ähli zatlary Seniň tabşyrygyň bilen edýändigimi subut et.


Mikaýa: «Eger sen söweşden sag-salamat dolanyp gelseň, onda Reb men arkaly geplän däldir» diýdi. Soňra ol: «Eý, jemagat, muny hemmäňiz eşidiň» diýdi.


Mikaýa: «Eger sen söweşden sag-salamat dolanyp gelseň, onda Reb men arkaly geplän däldir» diýdi. Soňra ol: «Eý, jemagat, muny hemmäňiz eşidiň» diýdi.


Indi Hudaý gaharyna jeza bermeýär, günä gaty üns bermeýär diýip,


Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.


Indi bar, git-de, halky saňa aýdan ýerime äkit. Meniň perişdäm seniň öňüňden gitjekdir. Emma jeza güni gelende, Men olaryň eden günälerine görä jezasyny bererin» diýdi.


Ynsanlaryň-da, haýwanlaryň-da takdyry birdir. Biri nähili ölýän bolsa, beýlekisi-de şeýle ölýär; hemmesiniň bir demi bar; adam haýwandan üstün däldir, çünki bary biderek.


Jeza güni, uzakdan betbagtçylyk gelende, näme ederkäňiz? Kimden kömek sorarkaňyz, nireden jaý taparkaňyz baýlygyňyza?


Bu zatlar üçin Men olary jezasyz galdyrarynmy? Janym beýle milletden öç almazmy?» Muny Reb aýdýandyr.


Eý, Sion gyzy, günäňiň jezasy tamamlandy, Reb indi seni gaýdyp sürgün etmez, emma seniň etmişiňiň jezasyn berip, günäleriňi paş eder Ol, eý, Edom gyzy.


Kimdir biri olara zyýan ýetirjek bolsa, olaryň agzyndan çykan ot duşmanlaryny köýdürer. Olara zyýan ýetirmekçi bolan şeýle öldürilmelidir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan